"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Galla — biziň baýlygymyz

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Sebitlerde galla oragyna guramaçylykly girişilip, orakda ulanylýan kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Galla oragyna girişildi

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen düýn Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna girişilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanynda toý döwresi guraldy. Halkymyzyň gadymdan gelýän milli däplerine eýerilip, il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen galla oragyna girişildi.

Welaýatymyzda galla oragyna badalga berildi

Şu gün, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren ak patasyndan ruhlanan welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary dilleri senaly, il sylagly ýaşulularymyzyň gatnaşmagynda uly ruhubelentlik we ýokary guramaçylyk ýagdaýynda galla oragyna girişdiler.

Gallaçylara medeni hyzmat

Tejen etrabynyň “Tejen” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly dynç alyş dabarasy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda günorta arakesme wagtynda geçirilen dabara gallaçy kärendeçiler, kombaýnlaryň mehanizatorlary we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri gatnaşdy. Etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz, folklor hem-de wäşiler toparlarynyň taýýarlan şowhunly çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ruhubelentlige beslenen dabarada gallaçylar şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ot-iým taýýarlaýjylaryň aladasy

Bäherden etrabynyň maldarlary häzirki günlerinde gyş möwsümi üçin bol ot-iým goruny döretmek işine möhüm ähmiýet berýärler. Maldarçylyk hojalyklarynyň ot-iým taýýarlaýjylary bu derwaýys işde ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Olar gyş möwsümi üçin iri baldakly ot bolan saman hem-de bede taýýarlamak işlerini depginli alyp barýarlar, işiň hiline we mukdaryna aýratyn üns berýärler. Bol ot-iým goruny döretmekde “Mürçe”, “Ýeňiş” daýhan birleşikleriniň, Şaja Batyrow, Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň ot-iým taýýarlaýjylary nusga alarlyk işleri bilen tapawutlanýarlar.

Çäjiňize bereket, edermen gallaçylar!

Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi Welaýatymyzyň ýer eýeleri galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly geldiler. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 26-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde galla oragyna başlamaga ak pata bermegi welaýatymyzyň gallaçylarynda hem zähmet galkynyşyny döretdi. 

Topraga bagry badaşan

Azyk garaşsyzlygyny  üpjün etmek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen esasy wezipeleriň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly tagallalary esasynda ýurdumyzyň daýhanlarynyň alýan hasyllarynyň barha artmagy bolsa döwrümiziň ösüşlerini aýdyň görkezýär. Biziň şu oçerkimiziň gahrymany Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aşyrmuhammet Söýünowyň zähmet ýoly munuň ýene bir mysalydyr.

Galla biziň baýlygymyz

Guşgursak bugdaýyň ýekeje dänesini hem isrip etmän ýygnap, joşgunly zähmet çekýän gallaçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri hakda eşidip, ata-babalarymyzyň «Gallam bar — galam bar» diýen parasatly sözleriniň müň keren dogrudygyna göz ýetirýärsiň. Çünki olar öňde durýan esasy wezipäniň ata Watanymyzyň bereket bolçulygynyň çeşmesi hasaplanylýan gallanyň ýekeje dänesini-de isrip etmän, öz wagtynda ýygnap, dag ýaly beýgelip barýan harmana goşmakdygyna juda gowy düşünýärler. Bugdaý hasylyny döräp biläýjek ýangyn howpundan goramagy hem biz hemişe ünsden düşürmeli däldiris. Oba hojalyk kärhanalarynda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň berýän tabşyryklarynydyr maslahatlaryny ýerine ýetirmek hökmanydyr. 

Daýhan hojalygy arzyly sepgide ýetdi

Ak bugdaý etrabynyň “Üzümli toprak” daýhan hojalygy gallaçylykda arzyly sepgide ýetdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda tejribeli daýhan Annageldi Annaýewiň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygy boýunça 89 gektarda ak ekiniň ýokary hasyly ýetişdirilip, şonça meýdandan guşgursak bugdaýyň 272 tonnadan gowragy taýýarlanyp, her gektaryň hasyllylygy 37 sentnere ýetirildi. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, dänäniň “batko” görnüşi ýerli toprak-howa şertlerinde oňat hasyl bermäge ukyplydyr. Munuň şeýledigine üstümizdäki şanly ýylda ýetişdirilen bol hasyl ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Häzirki günlerde hasyly ýygnalan meýdanlardan samany ýygnap almak we topragy geljekki hasyla taýýarlamak işleri dowam edýär.

Gallaçylaryň zähmet üstünligi

Kaka etrabynyň “Ýaz meýdan” daýhan hojalygy gallaçylykda ajaýyp zähmet üstünligine eýe boldy. Arslan Nuryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu daýhan hojalygy boýunça däne ýetişdirilen 900 gektar meýdandan, ýokary hilli guşgursak ak bugdaýyň 1 müň 788 tonnasyna derek, 1 müň 790 tonnadan gowragy alnyp, bu babatdaky tabşyryk 100,12 göterim berjaý edildi. Şu zähmet üstünligi mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri daýhan hojalygynda bolup, hojalygyň ýolbaşçysyny hem-de gallaçylary ýetilen sepgit bilen gutladylar hem-de ýörite sowgatlaryny gowşurdylar. Daýhan hojalygynyň altynbaşly bugdaý meýdanlarynda galla oragy dowam edýär. Ýeri gelende, etrabyň “Edermen pagtaçy”, “Ýeke çeşme” daýhan hojalyklarynyň üstünligini gazanandygyny hem bellemek ýakymly. Aýjahan Nuryýewanyň ýolbaşçylyk edýän “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň gallaçylary guşgursak ak bugdaýyň 220 tonnasyna derek 295 tonnadan gowragyny taýýarlamak bilen, borçnamany 134,48 göterim ýerine ýetirdiler. “Ýeke çeşme” daýhan hojalygy boýunça dänäniň 1 müň 755 tonna golaýy ýygnalyp, kabul ediş nokatlaryna tabşyryldy. Bu görkeziji tabşyrygyň 119,3 göterim berjaý edilendigini aňladýar. Agzalan hojalyklaryň zähmet ýeňşi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyll

Öňdebaryjy gallaçylar höweslendirilýär

Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary jogapkärli möwsümi gysga wagtda, çalt we ýitgisiz alyp barmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Demokratik, Agrar partiýalarynyň etrap komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan gallaçylaryň arasynda höweslendiriş işleriniň ýola goýulmagy möwsüme gatnaşyjylary uly üstünlige hyjuwlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bol-bereketli hasylyny guramaçylykly ýygnamakda, galla oragynyň depginini has-da ýokarlandyrmakda oraga gatnaşyjylaryň arasynda geçirilýän höweslendiriş işleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. Galla oragynda oňat görkezijilere eýe bolýan öňdebaryjy kärendeçiler, kombaýnçylar we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri bilen iş üstünde duşuşylyp, olaryň armasy ýetirilýär we sowgatlar gowşurylýar. Häzirki jogapkärli möwsümde öňdebaryjy gallaçylaryň arasynda ýaşlaryň hem köp sanlysynyň bolmagy has-da guwandyrýar.

Öňdebaryjylar pellehanada

Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginde galla oragy ýokary depginde dowam edýär. Ussat ýer eýeleri gymmatly hasyly yrýasyz ýygnap almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Öňdebaryjy kärendeçiler bolsa galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler. Olaryň arasynda Nargiza Nurowa hem bar. Ol geçen güýzde 1,5 gektar meýdana bugdaý ekip, ak ekine göreldeli ideg etdi we bereketli hasyly ösdürip ýetişdirdi. Irki hasyly etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnçylary ýitgisiz orup berdiler. Haçan-da Nargizanyň ekin meýdanyndan ýygnalan hasyl terezä goýlanda ol 8,5 tonna barabar boldy. Munuň özi her gektardan ortaça 56 sentnerden gowrak guşgursak bugdaýyň alnandygyndan habar berýär. Onuň kärdeşleri Akgül Açylowa we Nurana Hudaýberdiýewa dagy bolsa bu görkezijini 51 sentnere ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Orak guramaçylykly dowam edýär. Biziň guramamyzyň agzalary möhüm işde öňdeligi eýeleýärler. Biz häzirki gyzgalaňly günlerde galla meýdanlarynda bolup, janypkeş daýhanlarymyzyň armasyny ýetirýäris. Geçirilýän gysga wagtlyk duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň oba adamlary barada edýän taýsyz aladalary, daýhanlaryň yhlasly işläp, halal baýamaklary üçin döredýän giň mümkinçilikleri hakynda gürrüň berýäris we oraga gatnaşyjylara yglan edilen zähmet bäsleşiginiň düzgünlerini düşündirýäris.

Gallaly meýdanlarda işler gyzgalaňly barýar

Şu günler gyzgalaňly dowam edýän galla oragyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmeleriniň wekilleri saldamly goşant goşýarlar. Şu ugurda Hojambaz etrabynda hem önjeýli işler alnyp barylýar. Etrabymyzda gallaçy kärendeçileriň we kombaýnçylaryň arasynda zähmet bäsleşigi yglan edildi. Orak möwsüminiň dowamynda etrap galla kabul ediş harmanhanasynda we ýerlerde kärendeçilerdir mehanizatorlaryň arasynda aýdym-sazly duşuşyklary hem guraýarys. «Galla biziň baýlygymyzdyr» diýen umumy at bilen geçirilýän duşuşyklarda göreldeli kärendeçiler we kombaýnçylar ýadygärlik sowgatlary bilen höweslendirilýär.

Bosagada möhüm möwsüm

Ertir welaýatymyzda galla oragyna badalga berler Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edermen gallaçy daýhanlary 80 müň tonna guşgursak galla hasylyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Munuň üçin olar geçen ýylyň güýzünde Garagum derýasynyň boýundaky suwarymly meýdanlaryň 50 müň gektaryna ozal ýerli toprak-howa şertlerinde synalyp görlen bugdaýyň oňat hasyllylygy bilen tapawutlanýan sortlaryny ekdiler. Gallaly meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyk idegiň ýola goýulmagy, ak ekiniň mineral hem organiki dökünler bilen ýeterlik iýmitlendirilip durulmagy, suwdan horlanmazlygy üçin öz wagtynda netijeli çäreleriň görülmegi bilen bol hasyl kemala geldi.

Ak piläniň bol hasyly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.  Gazanylan zähmet ýeňşine welaýatymyzyň ýüpekçileri hem mynasyp goşant goşdular. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary hilli piläniň 50 tonnasyny Watanymyzyň uly çäjine goşmagy başardylar. Jogapkärli möwsümde Magtymguly etrabynyň ýüpekçileri döwlet harmanyna 30 tonna ýokary hilli pile goşdular. Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri bu gymmatly önümiň 16 tonnasyny, Bereket etrabynyň ýüpekçileri bolsa 4 tonnasyny taýýarladylar.

Ýeňiş bosagada

Kerki etabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň iş depginleri şu günler barha batlanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hojalyk boýunça 1587 gektar meýdanda bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirildi. Şondan meýilnamada görkezilen 3960 tonna derek 3980 tonna guşgursak bugdaý hasylyny almaklygy maksat edinýän gallaçylar yhlasly zähmet çekýärler. Hasyly çalt we zaýasyz ýygnamakda hojalygyň Arzygül Ödäýewa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji Narmyrat Hudaýnazarow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçiler toparlary has-da işjeňlik görkezýärler. Baýram Saparow hem daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileriniň biri. Onuň 1-nji kärendeçiler toparyna degişli meýdanda 10 gektar kärende ýeri bar. Döşüni «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» we «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medallar bezeýän kärendeçi ekin ýerine bütin ýylyň dowamynda irginsiz yhlasyny siňdirýär. Yhlasy oňa abraý, hormat, ýeňiş getirýär. Gowaça ýa-da bugdaý ekilen bolsun, tapawudy ýok, ýylyň ahyrynda onuň gazanýan netijesi beýlekilere görelde bolýar. Hut geçen ýyl hem ol kärendesine eken ýeriniň bugdaýynyň her gektarynyň hasyllylygyny 40 sentnerden geçirmegi başardy. Ussat kärendeçi üstümizdäki ýylda bolsa bugdaý ekilen meýdanyň her gektarynyň hasyllylygyny 45 sentnere ýetirmegi maksat edinýär.

Ussatlyk hormat getirýär

Welaýat häkimliginde Watanymyza pile tabşyrmak baradaky borçnamanyň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşan lebaply kärendeçileriň 20-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Öňdebaryjylaryň «ýigrimiliginiň» içinde Güljemal Nurlyýewanyň adyna gözüm düşdi. Ol şertnamalaýyn borçnamasyny 182, 7 göterim berjaý edipdir. Güljemal Nurlyýewa şu möwsümde ýüpek gurçuklarynyň 72 gramyndan 353 kilogram pile ýygnapdyr. Bu sanlar ýüpekçiniň ussatlygyny subut edip dur.

Bag­ban ba­gyn­dan belli

Şu günlerde ekerançylyk meýdanlarynda bolanyňda, oba ýaşaýjylarynyň hormatly Prezidentimiziň ýerden bol hasyl öndürmek, azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek barada edýän aladalaryna yhlasly zähmetleri bilen jogap berýändiklerine janly şaýat bolýarsyň. Şolaryň birisi hem Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde erik, alma, ülje, armyt ýaly miweli daragtlardan bol hasyl ýetişdirýän Döwlet Hamraýewdir. Biz kärendesine eýeçilik edýän bagbanyň bagyna gelip, onuň armasyny ýetirdik. «Bagban bagyndan belli» diýip dogry aýdypdyrlar. Bag sözi agzalanda, tutuş Aşgabat obasynda Döwletiň bagy ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Ýaňy üçünji onlugyny tegelän bagban ýigit ir-iýmişleri ýetişdirip, ilatyň saçagyna hödürlemegiň lezzetli işdigini, dürli miweli daragtlara ideg edip, gününiň nähili çalt geçýändigini-de duýmaýandygyny aýdýar.

Galla — 2023

Bereket baýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, azyk bolçulygyny döretmek babatda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär, ýokary ösüşlere ýetirilip, oňyn netijelere eýe bolunýar.

Ekerançylaryň ezber işleri

Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalygynda iş alyp barýan telekeçi daýhanlaryň sanynyň barha artyp, olaryň eýeçilik edýän hususy kärhanalarynda, daýhan hojalyklarynda bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde gazanylýan üstünlikler guwandyrýar. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen, öz işlerini ýokary derejede ýola goýup, öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli berjaý etmeklige tarap ynamly gadam urýarlar. Şeýle derwaýys önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginde hem giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Olaryň oňat netijeleri berýändigini bu ýerde zähmet çekýän kärendeçi daýhanlaryň, mülkdarlaryň meýdanlarynda häzirki günlerde hasyl toplap, ajaýyp görnüşlere eýe bolup oturan ekinler anyk tassyklaýar.