Bag­ban ba­gyn­dan belli

7 Iýun 2023
459

Şu günlerde ekerançylyk meýdanlarynda bolanyňda, oba ýaşaýjylarynyň hormatly Prezidentimiziň ýerden bol hasyl öndürmek, azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek barada edýän aladalaryna yhlasly zähmetleri bilen jogap berýändiklerine janly şaýat bolýarsyň. Şolaryň birisi hem Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde erik, alma, ülje, armyt ýaly miweli daragtlardan bol hasyl ýetişdirýän Döwlet Hamraýewdir. Biz kärendesine eýeçilik edýän bagbanyň bagyna gelip, onuň armasyny ýetirdik.

«Bagban bagyndan belli» diýip dogry aýdypdyrlar. Bag sözi agzalanda, tutuş Aşgabat obasynda Döwletiň bagy ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Ýaňy üçünji onlugyny tegelän bagban ýigit ir-iýmişleri ýetişdirip, ilatyň saçagyna hödürlemegiň lezzetli işdigini, dürli miweli daragtlara ideg edip, gününiň nähili çalt geçýändigini-de duýmaýandygyny aýdýar.

Sabyr RAHMATULLAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň başlygy.