Öňdebaryjy gallaçylar höweslendirilýär

8 Iýun 2023
332

Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary jogapkärli möwsümi gysga wagtda, çalt we ýitgisiz alyp barmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Demokratik, Agrar partiýalarynyň etrap komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan gallaçylaryň arasynda höweslendiriş işleriniň ýola goýulmagy möwsüme gatnaşyjylary uly üstünlige hyjuwlandyrýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bol-bereketli hasylyny guramaçylykly ýygnamakda, galla oragynyň depginini has-da ýokarlandyrmakda oraga gatnaşyjylaryň arasynda geçirilýän höweslendiriş işleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. Galla oragynda oňat görkezijilere eýe bolýan öňdebaryjy kärendeçiler, kombaýnçylar we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri bilen iş üstünde duşuşylyp, olaryň armasy ýetirilýär we sowgatlar gowşurylýar. Häzirki jogapkärli möwsümde öňdebaryjy gallaçylaryň arasynda ýaşlaryň hem köp sanlysynyň bolmagy has-da guwandyrýar.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.