Gallaçylara medeni hyzmat

9 Iýun 2023
327

Tejen etrabynyň “Tejen” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly dynç alyş dabarasy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda günorta arakesme wagtynda geçirilen dabara gallaçy kärendeçiler, kombaýnlaryň mehanizatorlary we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri gatnaşdy.

Etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz, folklor hem-de wäşiler toparlarynyň taýýarlan şowhunly çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ruhubelentlige beslenen dabarada gallaçylar şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Bägül GURBANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.