Ýeňiş bosagada

7 Iýun 2023
303

Kerki etabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň iş depginleri şu günler barha batlanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hojalyk boýunça 1587 gektar meýdanda bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirildi. Şondan meýilnamada görkezilen 3960 tonna derek 3980 tonna guşgursak bugdaý hasylyny almaklygy maksat edinýän gallaçylar yhlasly zähmet çekýärler. Hasyly çalt we zaýasyz ýygnamakda hojalygyň Arzygül Ödäýewa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji Narmyrat Hudaýnazarow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçiler toparlary has-da işjeňlik görkezýärler.

Baýram Saparow hem daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileriniň biri. Onuň 1-nji kärendeçiler toparyna degişli meýdanda 10 gektar kärende ýeri bar. Döşüni «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» we «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medallar bezeýän kärendeçi ekin ýerine bütin ýylyň dowamynda irginsiz yhlasyny siňdirýär. Yhlasy oňa abraý, hormat, ýeňiş getirýär. Gowaça ýa-da bugdaý ekilen bolsun, tapawudy ýok, ýylyň ahyrynda onuň gazanýan netijesi beýlekilere görelde bolýar. Hut geçen ýyl hem ol kärendesine eken ýeriniň bugdaýynyň her gektarynyň hasyllylygyny 40 sentnerden geçirmegi başardy. Ussat kärendeçi üstümizdäki ýylda bolsa bugdaý ekilen meýdanyň her gektarynyň hasyllylygyny 45 sentnere ýetirmegi maksat edinýär.

Ödegeldi KULYÝEW,
ştatdan daşary habarçymyz. Surata düşüren awtor.