Bosagada möhüm möwsüm

7 Iýun 2023
284

Ertir welaýatymyzda galla oragyna badalga berler

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edermen gallaçy daýhanlary 80 müň tonna guşgursak galla hasylyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Munuň üçin olar geçen ýylyň güýzünde Garagum derýasynyň boýundaky suwarymly meýdanlaryň 50 müň gektaryna ozal ýerli toprak-howa şertlerinde synalyp görlen bugdaýyň oňat hasyllylygy bilen tapawutlanýan sortlaryny ekdiler. Gallaly meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyk idegiň ýola goýulmagy, ak ekiniň mineral hem organiki dökünler bilen ýeterlik iýmitlendirilip durulmagy, suwdan horlanmazlygy üçin öz wagtynda netijeli çäreleriň görülmegi bilen bol hasyl kemala geldi.

Toýmämmet Rejebow,
«Balkan».