Gallaçylaryň zähmet üstünligi

8 Iýun 2023
537

Kaka etrabynyň “Ýaz meýdan” daýhan hojalygy gallaçylykda ajaýyp zähmet üstünligine eýe boldy. Arslan Nuryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu daýhan hojalygy boýunça däne ýetişdirilen 900 gektar meýdandan, ýokary hilli guşgursak ak bugdaýyň 1 müň 788 tonnasyna derek, 1 müň 790 tonnadan gowragy alnyp, bu babatdaky tabşyryk 100,12 göterim berjaý edildi. Şu zähmet üstünligi mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri daýhan hojalygynda bolup, hojalygyň ýolbaşçysyny hem-de gallaçylary ýetilen sepgit bilen gutladylar hem-de ýörite sowgatlaryny gowşurdylar. Daýhan hojalygynyň altynbaşly bugdaý meýdanlarynda galla oragy dowam edýär.

Ýeri gelende, etrabyň “Edermen pagtaçy”, “Ýeke çeşme” daýhan hojalyklarynyň üstünligini gazanandygyny hem bellemek ýakymly. Aýjahan Nuryýewanyň ýolbaşçylyk edýän “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň gallaçylary guşgursak ak bugdaýyň 220 tonnasyna derek 295 tonnadan gowragyny taýýarlamak bilen, borçnamany 134,48 göterim ýerine ýetirdiler. “Ýeke çeşme” daýhan hojalygy boýunça dänäniň 1 müň 755 tonna golaýy ýygnalyp, kabul ediş nokatlaryna tabşyryldy. Bu görkeziji tabşyrygyň 119,3 göterim berjaý edilendigini aňladýar. Agzalan hojalyklaryň zähmet ýeňşi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna özboluşly zähmet sowgadydyr.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy. Surata düşüren Aýdo ŞEKEROW.