Galla biziň baýlygymyz

8 Iýun 2023
282

Guşgursak bugdaýyň ýekeje dänesini hem isrip etmän ýygnap, joşgunly zähmet çekýän gallaçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri hakda eşidip, ata-babalarymyzyň «Gallam bar — galam bar» diýen parasatly sözleriniň müň keren dogrudygyna göz ýetirýärsiň. Çünki olar öňde durýan esasy wezipäniň ata Watanymyzyň bereket bolçulygynyň çeşmesi hasaplanylýan gallanyň ýekeje dänesini-de isrip etmän, öz wagtynda ýygnap, dag ýaly beýgelip barýan harmana goşmakdygyna juda gowy düşünýärler. Bugdaý hasylyny döräp biläýjek ýangyn howpundan goramagy hem biz hemişe ünsden düşürmeli däldiris.

Oba hojalyk kärhanalarynda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň berýän tabşyryklarynydyr maslahatlaryny ýerine ýetirmek hökmanydyr. 

Gurbanmyrat ORAZMYRADOW,
içerki gullugyň podpolkownigi.