Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

31 Ýanwar 2023
422

Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, gözýetimini has-da giňeltmegi, ukyp-zehinini ýüze çykarmagy üçin giň şertleri döretmek bolup durýar. Bilim ulgamynda dünýäniň dürli döwletleri, esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda türkmen-rus hyzmatdaşlygy barha täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetini açmak başlangyjy hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi. Häzirki döwürde bu taslamany durmuşa geçirmek maksadynda ýörite iş topary döredilip, russiýaly hyzmatdaşlar bilen täze bilim ojagynyň hukuk we guramaçylyk binýadyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda rus dilinde okadylýan orta mekdepleriň 71-si hereket edýär. Aşgabatda 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi bilen 2018-nji ýylyň maý aýynda Astrahan oblastynda açylan Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdep bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ajaýyp miweleridir.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hem hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşýar, olaryň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekilip, bu ugurda gatnaşyklar giňeldilýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirilen gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar munuň aýdyň görkezijileriniň biridir. Bu saparyň çäginde gol çekilen möhüm resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň bardygy guwandyryjydyr. Bu ýokary bilim ojaklarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, bu ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bitewi bilim, medeni we maglumat giňişligini emele getirmek, akademiki işjeňligi ösdürmek, bilelikdäki ylmy-barlag we bilim ulgamynda işleri alyp barmak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýetlidir.

Maýsa ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar