Ak piläniň bol hasyly

7 Iýun 2023
344

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir. 

Gazanylan zähmet ýeňşine welaýatymyzyň ýüpekçileri hem mynasyp goşant goşdular. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary hilli piläniň 50 tonnasyny Watanymyzyň uly çäjine goşmagy başardylar. Jogapkärli möwsümde Magtymguly etrabynyň ýüpekçileri döwlet harmanyna 30 tonna ýokary hilli pile goşdular. Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri bu gymmatly önümiň 16 tonnasyny, Bereket etrabynyň ýüpekçileri bolsa 4 tonnasyny taýýarladylar.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».