Galla — biziň baýlygymyz

10 Iýun 2023
506

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Sebitlerde galla oragyna guramaçylykly girişilip, orakda ulanylýan kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

"Nesil".