"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

«Ak altynly» atyzlarda

Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermegi bilen 9-njy sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm işe badalga berildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri bu jogapkärli möwsüme toý ruhunda badalga berdiler. Welaýat merkezlerinde jogapkärli möwsüme bagyşlanan usuly maslahat geçirildi. Onda şu ýylda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny guramaçylykly, ýitgisiz ýygnamak, harmanhana daşamak, pagta kabul ediş kärhanalarynda we hasyly daşaýan tehnikalarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek, möwsümiň dowamynda daýhanlar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek dogrusynda gürrüň edildi.

Pagtaçylyk — möhüm ähmiýetli pudak

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Welaýatymyzda ýene bir jogapkärli möwsüm başlandy

Pagta — 2023 Welaýatymyzda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli guralan «Ak kerwen» dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna guramaçylykly girişmäge ak pata bermegi mynasybetli welaýat häkimliginde il sylagly ýaşulularyň, şäher we etrap häkimleriniň, olaryň oba hojalygy boýunça orunbasarlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, işi oba hojalygy bilen baglanyşykly edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geňeş-maslahat geçirildi. Onda Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňlerinde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Harmanyňyza bereket, «ak altyn» ussatlary!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata welaýatyň oba hojalyk toplumynyň  işgärleri, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri,  kärendeçiler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Onda welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, yhlas siňdirilip ýetişdirilen «ak altynyň» bitginli hasylyny ýygnamaklygy öz wagtynda ýokary hilli, agrotehniki talaplara laýyk geçirmek, tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek ýaly derwaýys meselelere seredildi. Welaýatda bar bolan pagta arassalaýjy kärhana, harmanhanalaryň ikisi, pagta ýygyjy kombaýnlaryň bolsa 18-si möhüm möwsüme irgözinden doly taýýarlanylyp goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişildi

Harmanyňyza bereket, edermen pagtaçylar! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edermen pagtaçylary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, hemaýat-goldawlary netijesinde bereketli pagta hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.

Ýoluň ak bolsun, “ak altyn” kerweni!

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi we bereketli hasyl almagy üçin zerur şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady hem-de ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.

Harmanyňyza bereket, pagtaçylar!

AHALDA Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermegi ahally oba zähmetkeşlerini jogapkärli möwsüme toý ruhunda başlamaga höweslendirdi. Günüň ir säherinde welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde jogapkärli möwsüme bagyşlanan usuly maslahat geçirildi. Onda şu ýylda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny guramaçylykly, zaýasyz ýygnamak, ýitgisiz harmana daşamak, pagta kabul ediş kärhanalarynda we hasyly daşaýan tehnikalarda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek, möwsümiň dowamynda daýhanlar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek dogrusynda gürrüň edildi.

Çarwalaryň işleri ileri

Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary her bir işe irgözinden taýýarlyk görýärler. Olar dowarlary orta we ortadan ýokary semizlikde saklamagyň hem-de ene goýunlardan sagdyn we tükel guzy almagyň hötdesinden gelýärler. Häzir maldarçylyk hojalygynda 211 müň 186 baş dowar bar. Şolaryň 112 müň 555-si ene goýunlardyr. Üstümizdäki ýylyň owlak-guzy möwsümini oňat görkezijiler bilen jemlän sähra merdanalary guzy seçim we güýz gyrkym işlerini üstünlikli tamamlap, häzir gyş üçin ätiýaçlyk ot-iým taýýarlamagy guramaçylykly dowam etdirýärler. Biziň bolan günümize çenli maldarçylyk hojalygy boýunça 4 müň 677 tonnadan gowrak ätiýaçlyk ot taýýarlanypdyr. Şeýle işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen, ýörite ot taýýarlaýjy toparlar döredilip, olar traktorlar, ot orujy gurallar, awtoulaglar we beýleki gerekli serişdeler bilen üpjün edilipdir. Maldarçylyk hojalygy boýunça şu ýylky alnan owlak-guzularyň köp böleginiň ösdürilmäge goýberilmegi täze sürüleriň döremegine ýardam beripdir. Çopan-çoluklar mallara eýeçilik gözi bilen garaýan dowarlara zooweterinariýanyň talaplaryna laýyk derejede ideg edýärler.

Oba hojalygynda möhüm möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygynda beýik işler amala aşyrylýar. Şu ýyl Balkan welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary hem bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlykly geldiler. Balkan welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde şu ýylyň güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişdiler. Bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, welaýat derejesinde guralan dabara ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabarada çykyş edenler Balkan welaýatynda bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli bu ýere ýygnananlary mähirli gutladylar hem-de oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Babadaýhanlarymyz pagta ýygymyna girişdiler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň “ak altyn” ussatlary 135 müň gektarda gowaça ýetişdirmek bilen, hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna beren ak patasyndan ruhlanyp, 9-njy sentýabrda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda bu işe «Bismilla» bilen girişdiler. Pagta ýygymyna dabaraly ýagdaýda girişmegiň öňýanynda oba hojalyk işgärleriniň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde usuly maslahat geçirilip, onda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny guramaçylykly, zaýasyz ýygnamakda we ýitgisiz harmana daşamakda öňde duran wezipeler dogrusynda gürrüň edildi. Şanly ýylymyzda welaýatymyzyň babadaýhanlarynyň Watanymyzyň “ak altyn” harmanyna 280 müň tonna pagtany goşmagy maksat edinýändigi, munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi barada usuly maslahatda aýratyn bellenip geçildi.

Gallam bar — tyllam bar

Mälim bolşy ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar göwnejaý taýýarlanylan topraga: «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, soňra nobaty mehanizatorlara berdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.

Bugdaý ekişine girişildi

Golaýda ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşuly nesliň «Bismillasy» bilen güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada girişildi. Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylly bolmagyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar topraga «Her bir dänäniň müň bolmagyny» arzuwlap, bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepdiler. Soňra nobat hatara duran mehanizatorlara berlip, olar erk edýän tehnikalaryny bu işe gönükdirdiler. Kärendeçi daýhanlarymyz geljek ýylyň hasyly üçin niýetlenen meýdanlary öz wagtynda sürüp, gurplandyryp, jogapkärli möwsüme geldiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. Gallaçy daýhanlar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edildi.

Depgin ýokarlanýar

Ak bugdaý etrabynyň babadaýhanlary güýzlük däne ekişine jogapkärli çemeleşýärler. Möwsüme taýýarlykly gelinmegi we guramaçylykly girişilmegi ekişiň depginli alnyp barylmagynyň esasy şertine öwrüldi. Şeýle bolansoň, şu günler ekiji tehnikalaryň sazlaşykly hereketi netijesinde gündelik ekiş geçirilýän meýdanlaryň hatary artýar. Daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň her birinde ekişiň hili ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, şeýle-de daýhan birleşikleriniň ekiji tehnikalaryna erk edýän mehanizatorlar ekişde yhlasly zähmet çekýärler. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolsa, güýzlük däne ekişiniň gyzgalaňly alnyp barylýan ýerinde bolup, mehanizatorlaryň armasyny ýetirýärler. Munuň özi olaryň işe hyjuwyny artdyrýar.

Täze hasyly işlemäge taýýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň işgärleri, ýygym möwsümine taýýarlygyň çäklerinde, gowaça hasylyny gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri geçirdiler. Önümçilik birleşiginiň 9 sany pagta arassalaýjy kärhanasynda pagtany gaýtadan işleýän tehnologiýalaryň, tehniki enjamlaryň ählisi gözden geçirilipdir we doly abatlanylypdyr. Welaýatyň çägindäki pagta hasylyny kabul edýän 35 sany harmanhana hem möwsüme doly taýýar. Munuň oňat tejribesini Tagtabazar etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhananyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Kuwwatlylygy 30 müň tonna pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhananyň «Marçak», «Ýaşlyk», «Söýünaly», «Saryýazy» ýaly pagta kabul edýän harmanhanalary bolup, olar hem möwsüme ýokary derejede taýýarlanypdyr. Ýygnalyp alnan pagtany gaýtadan işleýän kärhana we pagtany kabul ediş harmanhanalaryna daşamak üçin 14 traktor we 28 sany traktor tirkegleri hem hyzmata taýynlanypdyr.

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!

Ahalda Gadymy Ahal ýaýlasynyň ak ekin ussatlary il içinde uly sylagdan peýdalanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda oba hojalygyndaky jogapkärli möwsüme toý ruhunda girişdiler. Geljek ýylyň hasyly üçin 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmegi we ondan 400 müň tonna guşgursak hasyly almagy maksat edinýän welaýatyň daýhanlary ekişe ýokary taýýarlykly geldiler.

Bereketli topragyň bezegidir ak bugdaý

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 31-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde güýzlük bugdaý ekişine başlamaga ak pata berdi. Mejlisde Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine tüýs ýürekden eden arzuwlary hem-de jogapkärli möwsüme başlamaga beren ak patasy welaýatymyzyň gallaçy kärendeçilerinde hem zähmet galkynyşyny döretdi. Şeýle zähmet joşgunyny hemra edinen ýer eýeleri güýzlük bugdaý ekişine ýokary guramaçylykda girişdiler. Agrosenagat toplumynda örän jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli biri-birine ulaşan çäreler muny aýdyň görkezdi.

Yhlasyňyz myrat tapsyn, edermen gallaçylar!

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda bugdaý ekişine badalga berildi Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 31-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine 6-njy sentýabrda başlamaga ak pata berdi. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyz halkymyzda däp bolup gelşi ýaly, bu çäräni başlap bermegi hormatly ýaşululardan haýyş etdi.

Kaşga ýoluň bagy bar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Serdar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Kaşga ýol obasynyň içinden geçip, demirgazyga tarap egrelip gidýän ýeke-täk köçäniň sag tarapynda böwür berýän gyr seleňläp görünse, sol tarapy gür baglyga bürenip otyr. Oba adamlarynyň döreden bag-bakjalygy bu ýeriň tebigat gözelliginiň üstüne öňküden hem ajaýyp görnüş goşýar. Ony gören adamlarda şeýle gözel künjege ýörite dynç almaga gelmek baradaky pikir hem peýda bolýar. Kaşga ýol obasynyň adamlarynyň aglabasy daýhançylyk bilen meşgullanýar. Olar kärende ýerlerine şaly, bugdaý, gowaça ýaly ekinleri ekip, gaýratly zähmet çekmegiň hasabyna ýylyň-ýylyna bereketli hasyl ýetişdirýärler. Melleklerinde dürli bag nahallaryny oturtmak, olara ideg edip, bol miwe hasylyny almak hem oba adamlarynyň söýgüli pişeleriniň biri. Haýsy käriň eýesidigine garamazdan, obada melleginde miwe ýetişdirmeýän ýekeje-de hojalyga duş gelmek mümkin däl.