Gallam bar — tyllam bar

8 Sentýabr 2023
422

Mälim bolşy ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar göwnejaý taýýarlanylan topraga: «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, soňra nobaty mehanizatorlara berdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.

"Nesil".