Bugdaý ekişine girişildi

8 Sentýabr 2023
465

Golaýda ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşuly nesliň «Bismillasy» bilen güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada girişildi.

Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylly bolmagyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar topraga «Her bir dänäniň müň bolmagyny» arzuwlap, bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepdiler. Soňra nobat hatara duran mehanizatorlara berlip, olar erk edýän tehnikalaryny bu işe gönükdirdiler. Kärendeçi daýhanlarymyz geljek ýylyň hasyly üçin niýetlenen meýdanlary öz wagtynda sürüp, gurplandyryp, jogapkärli möwsüme geldiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. Gallaçy daýhanlar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edildi.

«Watan».