Oba hojalygynda möhüm möwsüm

10 Sentýabr 2023
586

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygynda beýik işler amala aşyrylýar. Şu ýyl Balkan welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary hem bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlykly geldiler. Balkan welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlary hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde şu ýylyň güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişdiler.

Bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, welaýat derejesinde guralan dabara ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabarada çykyş edenler Balkan welaýatynda bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli bu ýere ýygnananlary mähirli gutladylar hem-de oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Döwran MAGTYMOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.