Täze hasyly işlemäge taýýar

8 Sentýabr 2023
412

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Marypagta» önümçilik birleşiginiň işgärleri, ýygym möwsümine taýýarlygyň çäklerinde, gowaça hasylyny gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri geçirdiler. Önümçilik birleşiginiň 9 sany pagta arassalaýjy kärhanasynda pagtany gaýtadan işleýän tehnologiýalaryň, tehniki enjamlaryň ählisi gözden geçirilipdir we doly abatlanylypdyr. Welaýatyň çägindäki pagta hasylyny kabul edýän 35 sany harmanhana hem möwsüme doly taýýar.

Munuň oňat tejribesini Tagtabazar etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhananyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Kuwwatlylygy 30 müň tonna pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhananyň «Marçak», «Ýaşlyk», «Söýünaly», «Saryýazy» ýaly pagta kabul edýän harmanhanalary bolup, olar hem möwsüme ýokary derejede taýýarlanypdyr. Ýygnalyp alnan pagtany gaýtadan işleýän kärhana we pagtany kabul ediş harmanhanalaryna daşamak üçin 14 traktor we 28 sany traktor tirkegleri hem hyzmata taýynlanypdyr.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).