Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

7 Sentýabr 2023
446

6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

(TDH)
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.