Kaşga ýoluň bagy bar

6 Sentýabr 2023
614

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Serdar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Kaşga ýol obasynyň içinden geçip, demirgazyga tarap egrelip gidýän ýeke-täk köçäniň sag tarapynda böwür berýän gyr seleňläp görünse, sol tarapy gür baglyga bürenip otyr. Oba adamlarynyň döreden bag-bakjalygy bu ýeriň tebigat gözelliginiň üstüne öňküden hem ajaýyp görnüş goşýar. Ony gören adamlarda şeýle gözel künjege ýörite dynç almaga gelmek baradaky pikir hem peýda bolýar.

Kaşga ýol obasynyň adamlarynyň aglabasy daýhançylyk bilen meşgullanýar. Olar kärende ýerlerine şaly, bugdaý, gowaça ýaly ekinleri ekip, gaýratly zähmet çekmegiň hasabyna ýylyň-ýylyna bereketli hasyl ýetişdirýärler. Melleklerinde dürli bag nahallaryny oturtmak, olara ideg edip, bol miwe hasylyny almak hem oba adamlarynyň söýgüli pişeleriniň biri. Haýsy käriň eýesidigine garamazdan, obada melleginde miwe ýetişdirmeýän ýekeje-de hojalyga duş gelmek mümkin däl.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.