Ýoluň ak bolsun, “ak altyn” kerweni!

11 Sentýabr 2023
553

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi we bereketli hasyl almagy üçin zerur şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady hem-de ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.

(TDH)