Babadaýhanlarymyz pagta ýygymyna girişdiler

9 Sentýabr 2023
701

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň “ak altyn” ussatlary 135 müň gektarda gowaça ýetişdirmek bilen, hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna beren ak patasyndan ruhlanyp, 9-njy sentýabrda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda bu işe «Bismilla» bilen girişdiler. Pagta ýygymyna dabaraly ýagdaýda girişmegiň öňýanynda oba hojalyk işgärleriniň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde usuly maslahat geçirilip, onda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gowaça hasylyny guramaçylykly, zaýasyz ýygnamakda we ýitgisiz harmana daşamakda öňde duran wezipeler dogrusynda gürrüň edildi.

Şanly ýylymyzda welaýatymyzyň babadaýhanlarynyň Watanymyzyň “ak altyn” harmanyna 280 müň tonna pagtany goşmagy maksat edinýändigi, munuň üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi barada usuly maslahatda aýratyn bellenip geçildi.

Aýdo ŞEKEROW,
“Ahal durmuşy”.