Çarwalaryň işleri ileri

11 Sentýabr 2023
541

Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary her bir işe irgözinden taýýarlyk görýärler. Olar dowarlary orta we ortadan ýokary semizlikde saklamagyň hem-de ene goýunlardan sagdyn we tükel guzy almagyň hötdesinden gelýärler. Häzir maldarçylyk hojalygynda 211 müň 186 baş dowar bar. Şolaryň 112 müň 555-si ene goýunlardyr. Üstümizdäki ýylyň owlak-guzy möwsümini oňat görkezijiler bilen jemlän sähra merdanalary guzy seçim we güýz gyrkym işlerini üstünlikli tamamlap, häzir gyş üçin ätiýaçlyk ot-iým taýýarlamagy guramaçylykly dowam etdirýärler. Biziň bolan günümize çenli maldarçylyk hojalygy boýunça 4 müň 677 tonnadan gowrak ätiýaçlyk ot taýýarlanypdyr. Şeýle işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen, ýörite ot taýýarlaýjy toparlar döredilip, olar traktorlar, ot orujy gurallar, awtoulaglar we beýleki gerekli serişdeler bilen üpjün edilipdir. Maldarçylyk hojalygy boýunça şu ýylky alnan owlak-guzularyň köp böleginiň ösdürilmäge goýberilmegi täze sürüleriň döremegine ýardam beripdir. Çopan-çoluklar mallara eýeçilik gözi bilen garaýan dowarlara zooweterinariýanyň talaplaryna laýyk derejede ideg edýärler.

(Öz habarçymyz).