"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýaş maýsalar boý alýar

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alyndy. Günsaýyn boý alýan maýsalar alys gözýetime uzap gidýän giňişlige görk berýär. Bereketli hasylyň berk binýady tutulýan meýdanlarda şu günler ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, olaryň baldagy boýlap, köki berkär ýaly, ýerli dökünleri sepmek çäreleri geçirilýär. Juda amatly hem garaşykly gelen güýz paslynyň ýagşy işlere ýaraşykly günlerinde amal edilýän agrotehniki çäreler geljek ýylyň galla hasylynyň has bereketli boljakdygyna ynam döredýär. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan her bir işde döwrüň galkynyş ruhy, döredijilikli zähmetiň joşguny aýdyň duýulýar. Welaýatyň gallaçy daýhanlary ekiş geçirilen 145 müň gektar meýdandan 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Ekiş möwsümini bellenilen möhletlerde geçirmek üçin dürli kysymly traktorlaryň 2300-si, ekijileriň 520-den gowragy bökdençsiz işledildi. Welaýatyň Şabat, Görogly, Köneürgenç etraplary ekişde öňdäki hatarda boldular. Bu etraplaryň ak ekin ussatlary bugdaýa ideg işlerini geçirmekde hem ýokary netijeler gazanyp, öňdeligi eýeleýärler. Şabat etrabynda 16 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirmekde her gün kuwwatly traktorlaryň 30-a golaýy, 15 müň 500 gektarda bu gymmatly azyk önümini ýetişdirýän Görogly etrabynda bolsa şeýle tehnikalaryň 21-si sazlaşykly hereket etdi. Şu günler

Belent sepgit

Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň pagtaçylykda ýeten sepgidi guwandyryjydyr. Daýhan hojalygy boýunça gowaça ýetişdirilen 65 gektar meýdandan «ak altynyň» 200 tonnasy ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamada göz öňüne tutulandakysyndan 70 tonna artykdyr. Tejribeli daýhan Annageldi Annaýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygy welaýatda öňdebaryjylaryň biridir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daýhan hojalygynyň pagtaçylykda gazanan ajaýyp üstünligi gallaçylykdaky zähmet ýeňşiniň üstüni ýetirdi. Hojalyk däneçilikde hem ilkinjileriň biri bolup, arzyly pellehana ýetipdi hem-de şertnamalaýyn borçnamasyndan daşary birnäçe tonna guşgursak ak bugdaýy öndüripdi.

Daýhan aladasy

Sarahs etrabynyň ak ekin ussatlary güýzlük däne ekişini soňky gektarlarda alyp barýarlar. Geljek ýylda 22 müň 900 gektar meýdandan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny almak hyjuwy bilen zähmet çekýän oba zähmetkeşleri häzirki möhüm möwsümiň jogapkärligine oňat düşünýärler. Şeýle bolansoň, olar ekişde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerýärler. Güýzlük däne ekişinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniň ekiji tehnikalarynyň 35-si bökdençsiz işledilýär. Her günki işleriň ýörite meýilnama esasynda ýerine ýetirilmegi işiň hiline oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmen topragynyň berekedi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Häzirki taryhy döwürde ylym-bilimde, medeniýetde, ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler guwandyryjydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Bu pudagy dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biridir. Oba hojalygyny innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda biziň ýokary okuw mekdebimizde bu ugur boýunça ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler alnyp barylýar. Oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmekde ýokary tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Bu işleri ýola goýmakda we döwrebap alyp gitmekde ylmy barlaglara uly ähmiýet berilýär. Şeýle asylly maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzda gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary giňeldilýär.

Oba hojalygy – milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.

Öňde barýan topar

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşigi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 2 müň 720 tonna hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin 1 müň 360 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda döwlete pagta tabşyrmakda bu daýhan birleşigiň hasyl ussatlary etrapda ilkinjileriň hatarynda barýar. Munuň özi daýhan birleşigiň ähli işçi hünärmenleriniň, pagtaçy kärendeçileriniň ýylyň dowamynda yhlas bilen zähmet çekendigini, «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiginiň aýdyň güwäsidir. Röwşen Paşmanowyň ýolbaşçylyk edýän 10-njy kärendeçiler toparynyň agzalary 43 gektar ýerde bol hasyl ýetişdirdiler. Gurbanmyrat Orazbaýew, Daýanç Saparow, Aratjan Mujemow ýaly kärendeçileri özünde jemleýän bu topar häzirki döwre çenli onlarça tonna hasyly döwlete tabşyryp, ýyllyk meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Ýygym el güýji bilen bir hatarda pagta ýygyjy kombaýnlaryň kömegi bilen hem ýygnalýar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnlarynyň 2-si kärendeçileriň kuwwatly daýanjy bolýarlar. Bu kombaýnlara Baýmyrat Mämedow, Arazgeldi Musaýew ýaly mehanizatorlar erk edip, özlerine berkidilen tehnikalary saz işledip, pagta ýygymynyň ýokary depginlere eýe bolmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda Arazmyrat Sopyýew, Bazarbaý Öräýew ýaly sürüjiler gaýratly zähmet çekýärler. Bu topar agzalarynyň çekýän päk zähm

«Ak altynly» pellerde

Ýakynda Tagtabazar etrabynyň «Nurly künjek» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy kärendeçileri tutanýerli zähmetleri netijesinde pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. «Nurly künjek» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça 250 gektar meýdana gowaça ekilip, 525 tonna pagta hasyly taýýarlanylyp, bu baradaky tabşyryk 100 göterim ýerine ýetirildi. Şu üstünlikler mynasybetli kärendeçileriň meýdan düşelgesinde olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, medeniýet işgärleriniň aýdym-sazlary, merkezi kitaphana işgärleriniň tagallasy bilen döwürleýin neşir edilýän gazet-žurnallaryň we kitaplaryň sergileri guraldy. Şol çäräniň çäklerinde öňdebaryjy kärendeçilere ýokary hasyl alandygy üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Daýhanyň deri — gülzara öwürýär bu ene ýeri

Ýapragy ep-esli bolan gant şugundyrynyň bir düýbüni köwläp eline alan Ýusup aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Sebäbi ak miwäniň daşy öl gumdan arassalanandan soň hem, ol ýaşulynyň eline agram saldy. Oňa çenli ýörişinden hem haýsydyr bir begençli habar bilen gelýändigi mese-mälim görnüp duran Süleýman gele-gelmäne pederine habar gatdy: — Näme kaka, ýetişdirýän şugundyryňy saldarlap görýärsiňmi?! Tüweleme, bu ýyl ekinler bolsady ekilen ýaly, bereketli. Haýsyny görseň, guwanyp, begenip oturmaly. Eliňdäki şugundyry çekip görseňem, 2 — 3 kilogram çykarmyka diýýän.

Güýzlük bugdaýyň idegi

Etrabymyzyň «Guýanagyz» daýhan birleşigi öňdebaryjy daýhan birleşikleriň biri hökmünde tanalýar. Daýhan birleşiginde her ýyl ak ekiniň, «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilýär. Daýhan birleşiginiň gallaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 600 gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekişini geçirdiler. Güýzlük bugdaý ekilen ýerleriň agramly böleginde doly gögeriş alyndy. Häzirki wagtda ekrançylyk ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ekilen bugdaý maýsalary oňat boý alýarlar. Daýhan birleşigiň bugdaý meýdanlary ýaşyl öwsüp, ajaýyp görnüşi emele getirýär. Şu günler daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaýyň ideg işlerine girişdiler. Şonuň bilen birlikde güýzlük bugdaýlara ilkinji ösüş suwuny tutmak işleri hem alnyp barylýar.

Topragy hazyna, howasy tereň

Bereketli güýz paslynyň ajaýyp günleriniň birinde daýhanlaryň armasyny ýetirmek, medeni çäreleri geçirmek maksady bilen, meýdan düşelgesine ugran Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň medeniýet işgärlerine goşulyp, etrabyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygyna gitmek miýesser etdi. Hojalygyň döreýşi, agzalary, pagta hasylynyň ýygnalyşy gyzykly söhbede gönezlik boldy. — «Ýaz meýdan» daýhan hojalygy öz döredilen gününden bäri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde etrap boýunça öňdeligi eýelemegi başardy. Bular barada öwgüli sözleri näçe aýtsaň hem az — diýip, Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy Tawus Beknazarowa ýol ugruna gürrüň berdi.

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Şu günler Köýtendag etrabyndaky ak pagtaly meýdanlarda ýygym möwsümi güýçli depginde dowam edýär. Pagta ýygymy möwsüminde işleriň üstünlikli berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri öz wagtynda geçirilýär. Yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine guwanýan pagtaçy kärendeçiler ýetişdirilen hasyly ýygnamakda hem gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesi hem ýörite meýilnama esasynda ökde ýygymçylaryň arasynda özara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň jemi her on günlükde jemlenip, ýokary netije gazanan ýygymçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Zähmet joşýar «ak altynly» meýdanda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary üçin bereketli ýyllaryň biri boldy. Murgap jülgesiniň hasyl ussatlary «Ir ekseň ekini, çuňa urar köküni» diýen pähime eýerip, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, daýhançylyk tejribelerini ylmyň gazananlary bilen utgaşdyryp, 162 müň gektarda gowaçanyň bol hasyl berýän «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39» orta we «Ýolöten — 14» inçe süýümli sortlaryny ekip, bereketli hasyly ýetişdirdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek bilen baglanyşykly tabşyryklaryndan ugur alyp, öndürijilikli zähmet çekdiler. Daýhan yhlasyndan kemal tapan ekinler altyn güýzüň gelmegi bilen, öz hasylyny sahylyk bilen eçildi. Häzir gowaçaly meýdanlara nazaryň düşende gözüň dokunyp, buýsanjyň artyp, «Berekella pagtaçy!» diýeniňi duýman galýarsyň. Ýylboýy azap siňdirilip ýetişdirilen gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin welaýatda ähli tagallalar edilýär. Obasenagat toplumynyň hünärmenleri öňünden düzülen ýörite meýilnama laýyklykda guramaçylyk işlerini alyp barsalar, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň welaýatdaky işjeň agzalary pagta ýygymyna gatnaşýanlaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Öňdebaryjy kärendeçileri, ýer eýelerini, kombaýnçylary, awtoulag sürüjilerini, traktorçylary höweslendiriji sowgatlar bilen begendirip durýar

Jenneti mekanyň narlary

Magtymguly etrabynyň daýhan birleşiklerinde, hususy hojalyklarynda subtropik miweleriň medeniýetleşdirilen birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň arasynda Sumbar we Çendir jülgeleriniň dünýä meşhur narlary has-da agdyklyk edýär. Zeminiň jenneti künjegini ýada salýan bu etrabyň gürrüňi edilýän jülgeleri beýleki subtropik miweli baglar bilen birlikde, nar agaçlaryny pugta ylmy esaslara daýanýan köpýyllyk tejribe arkaly ösdürip ýetişdirmekde dünýä meşhur mesgendir. Jülgeleriň dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde naryň her bir görnüşi gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gaty-ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy, yssa, sowuga hem-de kesellere durnuklylygy boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Beýikligi, adatça, 2-3 metrden geçýän nar agaçlarynyň her bir düýbüniň hasyllylygy, görnüşine görä, 20 kilogramdan 70 kilograma çenli baryp ýetýär. Nar miweleriniň aýratyn saýlanyp alnan käbir görnüşiniň her biriniň agramy 500 — 600 grama deňdir.

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Şu günler hasyl ussatlary we olaryň köpsanly ýardamçylary ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli göreşýärler. Wagtyň gadyr-gymmatyny bilip, yhlasly zähmet çekýän adamlaryň armasyny ýetirmek, olara medeniýetli hyzmat etmek meselesine-de çynlakaý üns berilýär. Birleşmämiziň hünärmenleri şeýle çäreleri täsirli guraýarlar. Etrabymyzyň medeniýet we söwda işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Awçy» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanynda guralan çäre ýatda galyjy pursatlara beslendi. Günortan arakesmede, naz-nygmatly desterhanyň başyna ýygnanan kärendeçileriň, pagta ýygýan kombaýnlaryň mehanizatorlarynyň we hasyly daşaýan sürüjileriň öňünde etrabymyzyň medeniýet işgärleri halkymyza bagtyýarlyk döwrüni bagyş eden Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny ynam bilen ýöredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, gülleýän Watanymyzy, zähmet adamlaryny wasp edýän aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Söwda işgärleri bolsa zähmet adamlary üçin gündelik sarp edilýän harytlaryň söwdasyny guradylar. Pagtaçylar üçin gazet-žurnallaryň täze sanlary, täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredildi.

Kelemli, käşirli meýdanlar

Bu meýdanlara baryp göräýseň! Şonda tüýs «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýleni bolaýýar. Aşgabatdan ugrap, «şäher daşyndaky ýol» diýilýän awtomagistral bilen Büzmeýiniň deňesine ýetäýmänkäň, Garagum derýasynyň köprüsinden gaýrak inersiň weli, gözüňe söweýin, akly-gökli meýdanlar başlanar. «Akly» diýýänimiz, bir garşa ýetiberen maýsaly meýdanlar. Tekiz gögeriş alypdyr weli, seretseň, joýalaryň aralygy-da ýaşyl ygşyldy bolup dur. «Gökli» dýýänimizem — käşirli, kelemli, şugundyrly, soganly atyzlar. Oglantak wagtymyz köpimiz eşidendiris-le: «Sellesi kyrk, agramy ýük» diýlen tapmaçany. Şonuň tüýs biten kelemdigini görjek bolsaň, ynha, ýaşyl don geýene meňzäp oturan şu meýdanlara gelmeli.

Oba ho­ja­lyk ha­bar­la­ry

«7/24.tm»№ 43 (178) 23.10.2023 Le­bap we­la­ýa­tyn­da 2023-nji ýylda oba ho­ja­lyk­da esa­sy azyk­lyk ekin­le­riň bi­ri bo­lan şa­ly­nyň bol ha­sy­ly ke­ma­la ge­ti­ril­di. We­la­ýat bo­ýun­ça şu ýyl je­mi 10 müň 200 gek­tar ýer­de şa­ly eki­lip, onuň her gek­ta­ryn­dan 46,47 sent­ner, je­mi bol­sa 47 müň 400 ton­na şa­ly ha­sy­ly­ny al­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Se­bit­de şa­ly ekil­jek meý­dan­la­ryň öňün­den kes­git­le­nil­me­gi, bu mö­hüm işe tej­ri­be­li daý­han­la­ryň çe­kil­me­gi bol şa­ly ha­sy­ly­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam et­di. We­la­ýat­da şa­ly ora­gy­na hem yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu çä­re­ler we­la­ýa­tyň zäh­met­sö­ýer şa­ly­çy­la­ry­nyň jo­gap­kär­li möw­sü­mi üs­tün­lik­li ge­çi­rip, ar­zy­ly mak­sat­la­ry­na ýet­jek­dik­le­ri­ne ynam dö­red­ýär.

Bagdan bal ysy geler

Ýol aşmagyň azaby-da bar, gyzygy-da. Kösençliginden üýşenmeseň, barylmadyk illerde eşidilmedik gürrüň kän. Ýol aşmagyň, il-ýurt görmegiň hikmeti hem şunda. Heňňam ýaly soňsuz görünýän bu ýollar bizi ýagşy adamlar bilen duşurýar, gyzykly söhbetleriñ üstünden eltýär. Daşoguz — Köneürgenç awtoulag ýolunyň on ikinji kilometrine golaýlaberenimizde sürüjiniň:

Bugdaý ekişi ýokary depginde

Bugdaý ekişini öz wagtynda ýokary hilli geçirmek ugrundaky işler Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginde hem gyzgalaňly dowam edýär. Bu daýhan birleşiginde 705 gektar ýere bugdaý ekmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagta çenli şonuň 560 gektarynda ekiş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirildi. Bu ugurda tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Ekişde Hemra Kadyrow, Döwran Mämiýew, Guwanç Baýyşow ýaly mehanizatorlar görelde görkezýärler. Olar her günde 20 gektara golaý meýdanda ekiş geçirýärler. Daýhan birleşiginiň bugdaý ekişinde öňdebaryjy kärendeçileri Saparmuhammet Annaýew, Miýesser Salyhowa, Bahram Babaýazow we beýlekiler geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmakda ýadawsyz zähmet çekýärler.

Bol hasyl ugrunda

Kaka etrabynyň gallaçylary güýzlük däne ekişini wagtynda tamamlamak we irki gögeriş gazanylan ekinleriň idegini kadaly alyp barmakda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki günlerde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişinde ekijileriň 70-den gowragy babadaýhanlaryň ygtyýarynda bolup, olaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Etrabyň ak ekin ussatlary 42 müň 400 gektar meýdanda däne ekişini geçirmegi maksat edinip, häzirki günlerde bu iş soňky gektarlarda ýerine ýetirilýär. Däne ekişinde we ekine ideg etmekde “Parahat” daýhan birleşiginiň, “Edermen pagtaçy”, “Ýaz meýdan” daýhan hojalyklarynyň gallaçylarynyň çekýän zähmeti öwgä mynasypdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, meýdan işlerinde tapawutlanýan ýaş daýhanlary höweslendirýäris.

Kombaýnçylar bilen duşuşyklar

Gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly alyp barmakda, ak patrak kimin açylan ak hanalary atyzlardan ýitgisiz ýygnamakda kombaýnlaryň orny uludyr. Şoňa görä-de, kuwwatly pagta ýygymy kombaýnlary netijeli işletmekde we ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almakda mehanizatorlara uly ähmiýet degişlidir. Kombaýnlaryň gowaça meýdanlaryna köpçülikleýin çykarylan häzirki gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri mehanizatorlar bilen iş üstünde, şeýle-de meýdan düşelgelerinde duşuşyp, olara pagtanyň Watanymyzyň gymmatly baýlygydygy, ony isripsiz ýygnamagyň ähmiýeti barada gürrüň berýärler, şeýle-de tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak boýunça kadalarydyr düzgünleri berjaý etmek, howpsuz zähmet şertleri bilen bagly maslahatlaryny berýärler. Gökdepe we Bäherden etraplarynda mehanizatorlar bilen bolan duşuşyklar uly täsirleri döretdi.