Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

23 Oktýabr 2023
681

Şu günler hasyl ussatlary we olaryň köpsanly ýardamçylary ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda tutanýerli göreşýärler. Wagtyň gadyr-gymmatyny bilip, yhlasly zähmet çekýän adamlaryň armasyny ýetirmek, olara medeniýetli hyzmat etmek meselesine-de çynlakaý üns berilýär. Birleşmämiziň hünärmenleri şeýle çäreleri täsirli guraýarlar. Etrabymyzyň medeniýet we söwda işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Awçy» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanynda guralan çäre ýatda galyjy pursatlara beslendi.

Günortan arakesmede, naz-nygmatly desterhanyň başyna ýygnanan kärendeçileriň, pagta ýygýan kombaýnlaryň mehanizatorlarynyň we hasyly daşaýan sürüjileriň öňünde etrabymyzyň medeniýet işgärleri halkymyza bagtyýarlyk döwrüni bagyş eden Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny ynam bilen ýöredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, gülleýän Watanymyzy, zähmet adamlaryny wasp edýän aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Söwda işgärleri bolsa zähmet adamlary üçin gündelik sarp edilýän harytlaryň söwdasyny guradylar. Pagtaçylar üçin gazet-žurnallaryň täze sanlary, täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredildi.

Arzuw SAPAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.