Kombaýnçylar bilen duşuşyklar

20 Oktýabr 2023
583

Gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly alyp barmakda, ak patrak kimin açylan ak hanalary atyzlardan ýitgisiz ýygnamakda kombaýnlaryň orny uludyr. Şoňa görä-de, kuwwatly pagta ýygymy kombaýnlary netijeli işletmekde we ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almakda mehanizatorlara uly ähmiýet degişlidir.

Kombaýnlaryň gowaça meýdanlaryna köpçülikleýin çykarylan häzirki gyzgalaňly günlerde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we etrap birleşmeleriniň degişli hünärmenleri mehanizatorlar bilen iş üstünde, şeýle-de meýdan düşelgelerinde duşuşyp, olara pagtanyň Watanymyzyň gymmatly baýlygydygy, ony isripsiz ýygnamagyň ähmiýeti barada gürrüň berýärler, şeýle-de tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak boýunça kadalarydyr düzgünleri berjaý etmek, howpsuz zähmet şertleri bilen bagly maslahatlaryny berýärler. Gökdepe we Bäherden etraplarynda mehanizatorlar bilen bolan duşuşyklar uly täsirleri döretdi.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.