Türkmen topragynyň berekedi

24 Oktýabr 2023
678

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Häzirki taryhy döwürde ylym-bilimde, medeniýetde, ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler guwandyryjydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Bu pudagy dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biridir.

Oba hojalygyny innowasion çözgütlere we oýlap tapyşlara, täze bazarlary döretmäge mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda biziň ýokary okuw mekdebimizde bu ugur boýunça ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler alnyp barylýar. Oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmekde ýokary tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Bu işleri ýola goýmakda we döwrebap alyp gitmekde ylmy barlaglara uly ähmiýet berilýär. Şeýle asylly maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzda gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary giňeldilýär.

Jemal MANAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.