Topragy hazyna, howasy tereň

24 Oktýabr 2023
529

Bereketli güýz paslynyň ajaýyp günleriniň birinde daýhanlaryň armasyny ýetirmek, medeni çäreleri geçirmek maksady bilen, meýdan düşelgesine ugran Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň medeniýet işgärlerine goşulyp, etrabyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygyna gitmek miýesser etdi. Hojalygyň döreýşi, agzalary, pagta hasylynyň ýygnalyşy gyzykly söhbede gönezlik boldy.

— «Ýaz meýdan» daýhan hojalygy öz döredilen gününden bäri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde etrap boýunça öňdeligi eýelemegi başardy. Bular barada öwgüli sözleri näçe aýtsaň hem az — diýip, Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy Tawus Beknazarowa ýol ugruna gürrüň berdi.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.