Jenneti mekanyň narlary

24 Oktýabr 2023
580

Magtymguly etrabynyň daýhan birleşiklerinde, hususy hojalyklarynda subtropik miweleriň medeniýetleşdirilen birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň arasynda Sumbar we Çendir jülgeleriniň dünýä meşhur narlary has-da agdyklyk edýär.

Zeminiň jenneti künjegini ýada salýan bu etrabyň gürrüňi edilýän jülgeleri beýleki subtropik miweli baglar bilen birlikde, nar agaçlaryny pugta ylmy esaslara daýanýan köpýyllyk tejribe arkaly ösdürip ýetişdirmekde dünýä meşhur mesgendir. Jülgeleriň dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde naryň her bir görnüşi gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gaty-ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy, yssa, sowuga hem-de kesellere durnuklylygy boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Beýikligi, adatça, 2-3 metrden geçýän nar agaçlarynyň her bir düýbüniň hasyllylygy, görnüşine görä, 20 kilogramdan 70 kilograma çenli baryp ýetýär. Nar miweleriniň aýratyn saýlanyp alnan käbir görnüşiniň her biriniň agramy 500 — 600 grama deňdir.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).