Belent sepgit

25 Oktýabr 2023
559

Ak bugdaý etrabynyň «Üzümli toprak» daýhan hojalygynyň pagtaçylykda ýeten sepgidi guwandyryjydyr. Daýhan hojalygy boýunça gowaça ýetişdirilen 65 gektar meýdandan «ak altynyň» 200 tonnasy ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamada göz öňüne tutulandakysyndan 70 tonna artykdyr.

Tejribeli daýhan Annageldi Annaýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan hojalygy welaýatda öňdebaryjylaryň biridir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daýhan hojalygynyň pagtaçylykda gazanan ajaýyp üstünligi gallaçylykdaky zähmet ýeňşiniň üstüni ýetirdi. Hojalyk däneçilikde hem ilkinjileriň biri bolup, arzyly pellehana ýetipdi hem-de şertnamalaýyn borçnamasyndan daşary birnäçe tonna guşgursak ak bugdaýy öndüripdi.