Güýzlük bugdaýyň idegi

24 Oktýabr 2023
436

Etrabymyzyň «Guýanagyz» daýhan birleşigi öňdebaryjy daýhan birleşikleriň biri hökmünde tanalýar. Daýhan birleşiginde her ýyl ak ekiniň, «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilýär. Daýhan birleşiginiň gallaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 600 gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekişini geçirdiler. Güýzlük bugdaý ekilen ýerleriň agramly böleginde doly gögeriş alyndy.

Häzirki wagtda ekrançylyk ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ekilen bugdaý maýsalary oňat boý alýarlar. Daýhan birleşigiň bugdaý meýdanlary ýaşyl öwsüp, ajaýyp görnüşi emele getirýär. Şu günler daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaýyň ideg işlerine girişdiler. Şonuň bilen birlikde güýzlük bugdaýlara ilkinji ösüş suwuny tutmak işleri hem alnyp barylýar.

Tekebaý DUŞEMOW,
TKA-nyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň başlygy.