Öňde barýan topar

24 Oktýabr 2023
491

Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşigi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 2 müň 720 tonna hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin 1 müň 360 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda döwlete pagta tabşyrmakda bu daýhan birleşigiň hasyl ussatlary etrapda ilkinjileriň hatarynda barýar. Munuň özi daýhan birleşigiň ähli işçi hünärmenleriniň, pagtaçy kärendeçileriniň ýylyň dowamynda yhlas bilen zähmet çekendigini, «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiginiň aýdyň güwäsidir. Röwşen Paşmanowyň ýolbaşçylyk edýän 10-njy kärendeçiler toparynyň agzalary 43 gektar ýerde bol hasyl ýetişdirdiler. Gurbanmyrat Orazbaýew, Daýanç Saparow, Aratjan Mujemow ýaly kärendeçileri özünde jemleýän bu topar häzirki döwre çenli onlarça tonna hasyly döwlete tabşyryp, ýyllyk meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler.

Ýygym el güýji bilen bir hatarda pagta ýygyjy kombaýnlaryň kömegi bilen hem ýygnalýar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýnlarynyň 2-si kärendeçileriň kuwwatly daýanjy bolýarlar. Bu kombaýnlara Baýmyrat Mämedow, Arazgeldi Musaýew ýaly mehanizatorlar erk edip, özlerine berkidilen tehnikalary saz işledip, pagta ýygymynyň ýokary depginlere eýe bolmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalara daşamakda Arazmyrat Sopyýew, Bazarbaý Öräýew ýaly sürüjiler gaýratly zähmet çekýärler. Bu topar agzalarynyň çekýän päk zähmetini synlanyňda, olaryň meýilnamada bellenen 86 tonna pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrjakdyklaryna bolan ynamyň artýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.