Daýhan aladasy

25 Oktýabr 2023
557

Sarahs etrabynyň ak ekin ussatlary güýzlük däne ekişini soňky gektarlarda alyp barýarlar. Geljek ýylda 22 müň 900 gektar meýdandan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny almak hyjuwy bilen zähmet çekýän oba zähmetkeşleri häzirki möhüm möwsümiň jogapkärligine oňat düşünýärler. Şeýle bolansoň, olar ekişde agrotehnikanyň talaplaryna berk eýerýärler.

Güýzlük däne ekişinde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniň ekiji tehnikalarynyň 35-si bökdençsiz işledilýär. Her günki işleriň ýörite meýilnama esasynda ýerine ýetirilmegi işiň hiline oňyn täsirini ýetirýär.

Maksat ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň başlygy.