Bugdaý ekişi ýokary depginde

20 Oktýabr 2023
479

Bugdaý ekişini öz wagtynda ýokary hilli geçirmek ugrundaky işler Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginde hem gyzgalaňly dowam edýär. Bu daýhan birleşiginde 705 gektar ýere bugdaý ekmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagta çenli şonuň 560 gektarynda ekiş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirildi. Bu ugurda tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Ekişde Hemra Kadyrow, Döwran Mämiýew, Guwanç Baýyşow ýaly mehanizatorlar görelde görkezýärler. Olar her günde 20 gektara golaý meýdanda ekiş geçirýärler.

Daýhan birleşiginiň bugdaý ekişinde öňdebaryjy kärendeçileri Saparmuhammet Annaýew, Miýesser Salyhowa, Bahram Babaýazow we beýlekiler geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmakda ýadawsyz zähmet çekýärler.

Ýörite habarçymyz.