"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Şirin nygmatymyz

Pederlerimiziň her sebitiň öz toprak-howa şertlerine görä gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde toplan baý tejribesi bu günki gün özboluşly görelde mekdebidir. Güýz-gyş aýlarynda ýygnan gawunlaryny indiki ýylyň ekiş möwsümine çenli saklap, şol gawunlaryň çigidini gönüden-göni tohum hökmünde ulanyp bilen babadaýhanlarymyza haýran galýarsyň. Sebäbi bu hasyldan indiki hasyla çenli bişen gawunlary zaýasyz saklaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Daşoguz topragy hem meşhur gökgürbek we garrygyz gawunlarynyň mekanydyr. Ýurdumyzda Tejen waharmanynyň we Lebap gülabysynyň meşhur bolşy ýaly, ýokarda ady agzalan gawun görnüşleri hem daşoguzly ekerançylara at-abraý getiren bakja ekinleridir. Türkmen gawunlarynyň asyl nusgalaryny gorap saklamakda, seçgiçilik işini ylmy esasda ösdürmekde häzirki döwürde hem ýurdumyzyň alymlary, ekerançylary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ussat ekerançylaryň uly topary bar. Olardan ykbalyny ene topraga baglan daýhan, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sähet Aşyrowyň, şol etrabyň Gökýaýla geňeşliginiň ýaşaýjylary ussat bakjaçylar Ýegendurdy Dowulbaýewiň, Bazar Töreşowyň, etrapda belli ekerançy Täzebaý Jumalakowyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, seçgiçi alym zenan Maral Orazbaýewanyň atlaryny aýratyn bellem

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Hasyl toýy — halal zähmetiniň miwesini iň uly baýlyk-bereket diýip bilýän türkmen daýhanynyň bagt toýy. Hasyl toýy — bütin halkyň toýy. Hasyl toýunyň döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmeginiň çuňňur many-mazmuny bar. Sebäbi bu baýram ene topraga bolan söýginiň dabaralanmasy hökmünde edermen daýhanlarymyzyň, bereketli türkmen topragynyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýar. Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikler döredilýär. Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy we awtomatlaşdyrylmagy, eksport önümleriniň artdyrylmagy, ýer eýeleri üçin ýeňillikli mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde obasenagat toplumy hem dünýä tejribeleri bilen gyradeň ösüşe eýe boldy. Zandy zähmete ýugrulan merdana daýhanlarymyz sanlyja ýyllaryň içinde hem özlerini, hem döwletimizi galkyndyrdylar. Hasyl toýuna ýaş daýhanlarymyz hem zähmet ýeňşi bilen geldiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň: «Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz gadymy ekerançylyk ýörelgelerine, daýhan pederlerimiziň däplerine beýik söýgi bilen eýerýärler. Ýa

Rysgal-berekediň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli ösdürmekde, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de olary gaýtadan işlemekde önüm öndürijilere döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda paýtagtymyzyň «Altyn ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde her ýylda uly dabara bilen bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Oba hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň ussat babadaýhanlary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Aýdym-saza beslenen bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan ezber elli pagtaçylaryň, gallaçylaryň, pileçileriň, bakjaçylaryň hem-de ussat mehanizatorlaryň deslapky tapgyrdaky ýeňijileri gatnaşdy.

Toprakdan döwlet tapan

Gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýan Garagumuň bol suwunyň Mary welaýatynyň çägine aralaşmagy bilen, tarp ýerde etrabyň öňki sowhozlary, häzirki daýhan birleşikleri döredilýär. Şol daýhan birleşiklerine Murgap jülgesiniň dürli künjeginde ýaşaýan gujur-gaýratly oglan-gyzlar, ýaş maşgalalar göçüp gelýärler. Welaýatyň Türkmengala etrabynyň «Täze dünýä» daýhan birleşiginde doglan Gurbanmyrat Aşyrow hem şolaryň biri. Ol 1969-njy ýylda Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip, dogduk obasyna dolanandan soň, boz ýerleri özleşdirip, oba hojalyk önümlerini boldan öndürmegi maksat edinip, etrabyň Göbeklidepe geňeşliginde, «Ak altyn» daýhan birleşiginde zähmet ýoluna düşýär. Ol ilki zynjyrly, tigirli traktorlara ussatlyk bilen erk edip, boz, tarp ýerde melioratiw işleriniň geçirilmegine ýakyndan ýardam berip, ekerançylygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Gollary berdaşly Gurbanmyradyň gözüni açyp göreni traktor, toprak, dökün, ekin bolýar. Onlarça ýyllap tehnikalara erk eden öňki mehanizator ussat daýhan bolup ýetişýär. Bilmeýänlerini bilýänlerden soraýar. Alym agronomlar bilen maslahatly iş geçirýär. Ondan daşary ýerli metbugatda berilýän maslahatlary, oba hojalygynda ulanylýan öňdebaryjy tejribeleri sypdyrman öwrenýär. Topraga yhlasly ýigidiň yzygiderli alyp baran gözlegli hem-de döredijilikli zähmeti döwletine döwlet, rysgalyna rysgal goşýar. Alty müçäni arka atan Gurb

Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Garaşsyz, Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze ösüşlere eýe bolýar. Halkymyzyň abadan, asuda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Ýurdumyzyň sebitlerini gurşap alan toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Watanymyzy dünýä ýüzi parahatçylygyň, ösüşiň, birek-birege ynanyşmagyň Watany hökmünde tanaýar. Ýurdumyzda iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde obalar özgerýär, senagat önümçiligi giňeldilýär. Türkmenistan bu gün agrar döwlet bolmakdan, ösen senagat ýurduna öwrülýär.

«Ak altynly» atyzlaryň aýdymy

«Ak altynly» atyzlaryň aýdymyny diňlemek üçin zandyň, kalbyň, süňňüň ene topraga kökerilen bolmaly. Diýmek, hakyky daýhan bolmaly. Hakyky daýhan bolmak üçin Ýeriň dilini, topragyň dilini, ekiniň dilini, suwuň we howanyň dilini bilýän adam bolmaly. Toprak bilen bagryň badaşan bolmaly. Bu gün şu ukyplaryň ählisini diýen ýaly özünde jemleýän Kamil Rozmetowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti öz nazarlaýan sepgidine ýetdi. Watan öňündäki meýilnamalaýyn borjuny Watan harmanyna goşmaga mümkinçilik tapdy. Bu, elbetde, tötänlik däldi. Bu garaşylan we gazanylan netijedi. Sebäbi...

Daýhana deňleşip bolaýsa

ХIХ asyryň belli magaryfçylarynyň biri  öz medresesinde dini we dünýewi bilimleriň utgaşykly öwrenilmegini ýola goýan ulama Töremyrat Rahmanguly ogly (il arasynda Molla Töre ahun ady bilen tanalan), aýdyşlaryna görä, daýhançylyk kesbine aýratyn uly hormat goýupdyr.  «Gögeldaş» medresesiniň ulamasy Ikram hojanyň ak pata beren şägirdi, öz medresesinden ençeme ahunlary uçurym eden Molla Töre ahun her sapar aýat-töwiriniň ahyrynda Biribardan daýhanyňky ýaly iman bermegini dilär eken. Ussatlarynyň bihal adam däldigini, her sözüniň aňyrsynda uly manynyň bardygyny bilýän şägirtleri ondan daýhanyň imanynyň näme aýratynlygynyň bardygyny soranlarynda, ahun şeýleräk jogap beripdir: «Her pygamber bir kesp açdy» diýýändir Magtymguly Pyragy. Daýhançylyk kesbi hem Adam aleýhyssalamdan gaýdýar. Ilkinji daýhan Adam atamyz, ilkinji ekinem bugdaý bolmaly. Ele alyp başaran adam üçin daýhançylyk hakyky halal ata kesbidir. Ynsan balasy haýsy kesp-käri saýlap, tutuş ömrüne hemra edinse-de, ol daýhançylykdan daşlaşyp bilmez.

Geň galdyrýan usullar

Obadan çeträkde gawun-garpyz ýetişdirýän bakjaçylaryň şagal-torsukdan azar görmeýäni ýok bolsa gerek. Şagaldyr torsuk gawun-garpyzyň bişenini saýlap, parçalap gidýär. Özem bakja eýesiniň çatmada ýok wagtyny uzakdanam bolsa duýýar. Şonuň üçinem bakjaçylar olardan goranmak üçin her hili usullary ulanýarlar. Ussat bakjaçylar ýörite awçylara sargyt edip, möjegiň buşugyny alýan ekenler. Awçylar gapana düşen möjegi bogupdyrlar. Şonda möjek gyssanjyna buşugýan ekeni. Şony-da bir gaba guýup, alyp goýup, hasyl ýetişen wagty bakjanyň daş-töweregine damdyryp çykýan ekenler. Garawul çatmasyndan möjegiň derisini asyp goýupdyrlar. Şeýle edileninde möjegiň ysy gelip duran ýeriň golaýyna gelmäge şagal-torsuk milt edip bilmändir.

Bereket-bolçulygyň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Hasyl toýy mynasybetli TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda «Hasyl toýy — berekediň baýramy» atly çäre geçirildi. Dabaraly çärä etrabyň öňdebaryjy ekerançylary, oba hojalyk pudagynyň işgärleri, TDP-niň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Şu günler Akdepe etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň ussat gallaçylary 1350 gektar meýdanda ekilen bugdaýyň idegini ýetirýärler. Ýaşyl öwüsýän bugdaý meýdanlary daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň özboluşly beýany bolup görünýär. — Häzirki wagtda idegi birkemsiz ýetirilýän bugdaýyň ösüşi göwnüňi göterýär. Gallaçy kärendeçilerimiz bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda iş alyp barýarlar. Bu bolsa geljek ýylyň bugdaý hasylynyň berk binýadynyň goýulandygyny alamatlandyrýar— diýip, daýhan birleşiginiň agronomy Pirnepes Jollyýew aýdýar.

Dänewli daýhan ― döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi

Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rozaý Aşyrowa «Ýylyň ussat daýhanlary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzyň «Altyn ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge halal zähmetleri bilen goşant goşýan ussat daýhanlary ýüze çykarmakdan, olaryň zähmetine mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Bäsleşige her welaýatdan iň köp galla, pagta hasyllaryny ýygnan pagtaçy hem-de gallaçy kärendeçiler, mehanizatorlar, iň köp pile öndüren ýüpekçiler, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl alan bakjaçylar gatnaşdylar.

75 ýaşly kärendeçi enäniň üstünligi

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň arasynda yglan edilen “Ýylyň ussat babadaýhanlary” atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda gallaçy kärendeçileriň arasynda baş baýraga Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jeren Akjanowa mynasyp boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzyň “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde bolup geçdi. Gallaçy kärendeçi Jeren Akjanowa 75 ýaşynda. Ol ömrüniň 55 ýyldan gowragyny daýhançylyga bagyşlady. Ýaşy birçene barandygyna garamazdan, onuň ýadamasy-ýaltanmasy ýok. Hemişe kärende ýerinde bol hasyl ýetişdirmegiň aladasy bilen gümra. Pagtadan, bugdaýdan ýokary hasyl alyp gelýär. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda hem göwün göteriji hasyly ýetişdirip, Watan harmanyna goşdy.

Daýhan zähmetiniň sarpasy

Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy janypkeş babadaýhanlaryň çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza siňdirýän yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup durýar. Şol zähmetiň şirin miweleri rysgal-bereket bolup, saçaklarymyzy bezeýär. Welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary üstümizdäki ýylda hem Hasyl toýuny zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Olaryň ýetişdiren bol hasylyny öz wagtynda, isripsiz ýygnamakda ussat mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem tagallalary uludyr. Häzirki dowam edýän pagta hasylyny ýygnap almak möwsüminde olar alada bilen gurşalýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň wekilleri hem «ak altyn» ussatlarynyň arasynda bolup, sowgatlar bilen höweslendirip, armasyny ýetirip durýarlar.

Bereketli topragyň sahawat toýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan gadymy daýhançylyk däplerimiz, milli gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hasyl toýunyň şatlyk-şowhunynyň bereketli türkmen topragyny gurşap alan häzirki günlerinde bular barada söz açmak hasam ýakymly. Çünki, ene topraga yhlas siňdirip, ondan bol hasyl almagyň hötdesinden gelen ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleri bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki tagallalary netijesinde dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň gadymy daýhançylyk däplerini kämilleşdirmek bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan agrosenagat toplumynda ajaýyp üstünlikleri gazanmagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmegiň gözbaşyna öwrülýär. Rowaçlyklara beslenýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlarynyň dürli oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň şeýle zähmet üstünlikleri olaryň Hasyl toýuna  baýramçylyk sowgatlarydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara çykarmak, oba hojalygyny özgertmek babatdaky maksatlaryna welaýatymyzyň babadaýhanlary hem mynasyp goşant goşýarlar. ªunuň ýaly tutum

Azyk bolçulygynyň kepili

Ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda alyp barýan  işleriniň üstünliklere beslenmegi netijesinde Diýarymyzda bugdaýyň, gök önümleriň, ir-iýmişlerdir miweleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly bolup, saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar. Çekýän zähmetiňe mynasyp baha berilýän ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlar barada edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň, enjamlarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bereketli topragymyzdan alynýan hasyl diňe bir ýurdumyzyň bazarlarynda ýerlenmän, dünýä bazarlaryna hem eksport edilýär. Bu döwletli işleriň ählisiniň gözbaşynda durýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Daýhanlaryň zähmeti — bagtyň baky mukamy

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi — Hasyl toýy Bereketli, sahy topragymyz bar biziň. Yhlas bilen sepen her bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýän toprak bu. Azabyňy aýamasaň, kynçylykdan gaçmasaň, ýylda iki-üç gezek hasyl alyp bolýar şu jomart toprakdan. Ata-babalarymyz mundan bäş müň ýyl ozal hem bu mele toprakdan bol hasyl alypdyrlar, bugdaý ekipdirler. Dünýädäki ähli barlyklaryň gözbaşy bolan ene ýer, ene toprak adamzady döräli bäri ekläp gelýär. Oňa göwnejaý hyzmat edip bilseň, eýeçilik gözi bilen seretseň, hasylyny bolluk bilen eçilýär. Heňňamlaryň dowamynda adamlaryň toprakdan peýdalanyp, öz zähmetleri bilen ekin meýdanlarynyň gurplulygyny artdyryp, bol hasyl alandyklary, ýyl boýy çeken abyrsyz azaplarynyň rähnedini görendikleri taryhdan mälimdir bize.

Ekerançylygyň öňdebaryjy ýurdunda oba zähmetkeşleriniň yhlasy bilen saçaklaryň berekedi artýar

Täze usullar we tejribeler Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenilýär. Hasyl toýy oba hojalyk ýylynyň jemini jemläp, ekerançylarymyzyň janypkeşlikli zähmetini, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan Hasyl toýy halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we milli däp-dessurlarynyň özboluşly sazlaşygyny düzýär. Bu baýram milletimiziň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň özboluşly waspyna öwrülýär.

Hasyl toýuna

Joşgunly zähmetiň hormaty Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň ýakymly däbine öwrülen, ajaýyp dabaralara beslenýän şanly seneleriň, baýramçylyklaryň ençemesi bar. Olaryň hatarynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy hem uly orny eýeleýär. Ene topragyň, zähmetsöýer babadaýhanlaryň, pileçileriň, bagbanlaryň hormatyna tutulýan bu toýuň dabarasy güýzüň nurana gününde çar tarapa ýaýylýar.

«Ak altynyň» belent harmany

Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini Watan harmanyna goşmakda uly üstünliklere eýe bolýarlar. Olar şu ýylda 7300 gektar meýdana gowaça ekip, ondan 14600 tonna ýokary hilli pagta hasylyny ýygnap, bu baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý etdiler. Häzirki wagta çenli hojalyk boýunça öndürilen «ak altynyň» mukdary 14700 tonnadan geçdi. Şan-şöhratly ýylda gazanylan bu uly üstünlik paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy daýhanlarynyň çeken agzybirlikli, yhlasly zähmetleriniň netijesinde gazanyldy. Çünki olar gowaça ekişini, ondan soňky ideg işlerini öz wagtynda, talabalaýyk amala aşyrmak bilen, özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynda bereketli hasylyň ýetişmegini gazandylar.

Arzyly sepgide tarap

Welaýatymyzyň edermen şalyçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şalynyň bitginli hasylyny ýetişdirdiler. Olar şu ýyl 8 müň 100 gektar ýerde ekiş geçirip, onuň ähli ideglerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirdiler we 35 müň tonna ýokary hilli «sary altyny» Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Tabşyrylmaly şalynyň agramly bölegini, ýagny 20 müň 500 tonnasyny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň edermen şalyçylary öndürmegi borç edindiler. Häzirki wagtda ähli şalyçylaryň esasy aladasy ýetişdirilen hasyly isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak. Ýygnalýan hasylyň hasabyna harman dagy hem barha beýgelýär. Orak möwsüminiň başyndan bäri haýal-ýagallyga ýol berilmeýär. Şalyçylaryň her güni şeýle hereketler bilen başlanyp, ol ýokary depginde giç agşama çenli dowam edýär. Şeýle zähmet joşguny şalyçy kärendeçileriň, hünärmenleriň, kombaýnçylaryň we awtoulag sürüjileriniň, tehniki taýdan hyzmat ediş işgärleriniň sazlaşykly hereketleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Bu ýerde daýhan birleşiginiň başlygy Akmyrat Bajanow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol häzirki netijeleriň guwandyryjydygyny buýsanç bilen aýtdy. Her gektardan 50 — 60 sentnerden geçirip hasyl tabşyran kärendeçileriň sanynyň barha artýandygyny anyk mysallary getirmek bilen belledi. Tejribeli şalyçylar Ýusup Gökiýew, Meretdurdy Amanow, Meretgeldi Öräýew dagynyň h