Hasyl toýuna

8 Noýabr 2023
625

Joşgunly zähmetiň hormaty

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň ýakymly däbine öwrülen, ajaýyp dabaralara beslenýän şanly seneleriň, baýramçylyklaryň ençemesi bar. Olaryň hatarynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy hem uly orny eýeleýär. Ene topragyň, zähmetsöýer babadaýhanlaryň, pileçileriň, bagbanlaryň hormatyna tutulýan bu toýuň dabarasy güýzüň nurana gününde çar tarapa ýaýylýar.

Ýörite habarçymyz.