Azyk bolçulygynyň kepili

8 Noýabr 2023
561

Ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda alyp barýan  işleriniň üstünliklere beslenmegi netijesinde Diýarymyzda bugdaýyň, gök önümleriň, ir-iýmişlerdir miweleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly bolup, saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar. Çekýän zähmetiňe mynasyp baha berilýän ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlar barada edýän aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň, enjamlarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bereketli topragymyzdan alynýan hasyl diňe bir ýurdumyzyň bazarlarynda ýerlenmän, dünýä bazarlaryna hem eksport edilýär. Bu döwletli işleriň ählisiniň gözbaşynda durýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Altynaý Mämmetnazarowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap geňeşiniň sanly ulgam bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirijisi.