Şirin nygmatymyz

10 Noýabr 2023
751

Pederlerimiziň her sebitiň öz toprak-howa şertlerine görä gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde toplan baý tejribesi bu günki gün özboluşly görelde mekdebidir. Güýz-gyş aýlarynda ýygnan gawunlaryny indiki ýylyň ekiş möwsümine çenli saklap, şol gawunlaryň çigidini gönüden-göni tohum hökmünde ulanyp bilen babadaýhanlarymyza haýran galýarsyň. Sebäbi bu hasyldan indiki hasyla çenli bişen gawunlary zaýasyz saklaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl.

Daşoguz topragy hem meşhur gökgürbek we garrygyz gawunlarynyň mekanydyr. Ýurdumyzda Tejen waharmanynyň we Lebap gülabysynyň meşhur bolşy ýaly, ýokarda ady agzalan gawun görnüşleri hem daşoguzly ekerançylara at-abraý getiren bakja ekinleridir. Türkmen gawunlarynyň asyl nusgalaryny gorap saklamakda, seçgiçilik işini ylmy esasda ösdürmekde häzirki döwürde hem ýurdumyzyň alymlary, ekerançylary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ussat ekerançylaryň uly topary bar. Olardan ykbalyny ene topraga baglan daýhan, Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sähet Aşyrowyň, şol etrabyň Gökýaýla geňeşliginiň ýaşaýjylary ussat bakjaçylar Ýegendurdy Dowulbaýewiň, Bazar Töreşowyň, etrapda belli ekerançy Täzebaý Jumalakowyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, seçgiçi alym zenan Maral Orazbaýewanyň atlaryny aýratyn bellemek bolar. Bu ussat ekerançylar bilen institutymyzda duşuşyklar we ylmy-amaly maslahatlar ýygy-ýygydan guralyp durulýar. Olar her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda uly dabara bilen bellenip geçilýän Hasyl toýuna ýetişdiren şirin-nabat gawundyr garpyzlary bilen sowgatly gelýärler.

Firuza DOGÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.