Dänewli daýhan ― döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi

9 Noýabr 2023
585

Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rozaý Aşyrowa «Ýylyň ussat daýhanlary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzyň «Altyn ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi.

Bäsleşigiň maksady ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge halal zähmetleri bilen goşant goşýan ussat daýhanlary ýüze çykarmakdan, olaryň zähmetine mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Bäsleşige her welaýatdan iň köp galla, pagta hasyllaryny ýygnan pagtaçy hem-de gallaçy kärendeçiler, mehanizatorlar, iň köp pile öndüren ýüpekçiler, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl alan bakjaçylar gatnaşdylar.