Geň galdyrýan usullar

9 Noýabr 2023
734

Obadan çeträkde gawun-garpyz ýetişdirýän bakjaçylaryň şagal-torsukdan azar görmeýäni ýok bolsa gerek. Şagaldyr torsuk gawun-garpyzyň bişenini saýlap, parçalap gidýär. Özem bakja eýesiniň çatmada ýok wagtyny uzakdanam bolsa duýýar. Şonuň üçinem bakjaçylar olardan goranmak üçin her hili usullary ulanýarlar.

Ussat bakjaçylar ýörite awçylara sargyt edip, möjegiň buşugyny alýan ekenler. Awçylar gapana düşen möjegi bogupdyrlar. Şonda möjek gyssanjyna buşugýan ekeni. Şony-da bir gaba guýup, alyp goýup, hasyl ýetişen wagty bakjanyň daş-töweregine damdyryp çykýan ekenler. Garawul çatmasyndan möjegiň derisini asyp goýupdyrlar. Şeýle edileninde möjegiň ysy gelip duran ýeriň golaýyna gelmäge şagal-torsuk milt edip bilmändir.

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.