Arzyly sepgide tarap

8 Noýabr 2023
597

Welaýatymyzyň edermen şalyçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şalynyň bitginli hasylyny ýetişdirdiler. Olar şu ýyl 8 müň 100 gektar ýerde ekiş geçirip, onuň ähli ideglerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirdiler we 35 müň tonna ýokary hilli «sary altyny» Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Tabşyrylmaly şalynyň agramly bölegini, ýagny 20 müň 500 tonnasyny Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň edermen şalyçylary öndürmegi borç edindiler. Häzirki wagtda ähli şalyçylaryň esasy aladasy ýetişdirilen hasyly isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak. Ýygnalýan hasylyň hasabyna harman dagy hem barha beýgelýär. Orak möwsüminiň başyndan bäri haýal-ýagallyga ýol berilmeýär.

Şalyçylaryň her güni şeýle hereketler bilen başlanyp, ol ýokary depginde giç agşama çenli dowam edýär. Şeýle zähmet joşguny şalyçy kärendeçileriň, hünärmenleriň, kombaýnçylaryň we awtoulag sürüjileriniň, tehniki taýdan hyzmat ediş işgärleriniň sazlaşykly hereketleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Bu ýerde daýhan birleşiginiň başlygy Akmyrat Bajanow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol häzirki netijeleriň guwandyryjydygyny buýsanç bilen aýtdy. Her gektardan 50 — 60 sentnerden geçirip hasyl tabşyran kärendeçileriň sanynyň barha artýandygyny anyk mysallary getirmek bilen belledi. Tejribeli şalyçylar Ýusup Gökiýew, Meretdurdy Amanow, Meretgeldi Öräýew dagynyň hersi 20 gektar ýerinden degişlilikde 130, 123, 100 tonna hasyl ýygnan bolsa, Dursungül Alyýewa 33 gektar ýerden 200 tonna golaý şaly tabşyrypdyr. Daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy indi orak geçirilmeli Tirkeş Baýryýewiň, Dursunbaý Annamyradowyň, Öremätdir Haýtgylyç Gurbangylyjowlaryň kärende ýerlerinde kemala getirilen hasylyň hem ýokary netijeleri berjekdigini, hojalygyň şalyçylarynyň öz öňlerinde goýan belent maksat-borçlaryna abraý bilen hötde geljeklerini ynam bilen aýtdy. Her günde 600 — 700 tonna şalynyň galla kabul ediş nokadyna ugradylmagy onuň şeýle ynamyna esas bolýar.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.