Daýhandan hereket — ýerden bereket

9 Noýabr 2023
531

Şu günler Akdepe etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň ussat gallaçylary 1350 gektar meýdanda ekilen bugdaýyň idegini ýetirýärler. Ýaşyl öwüsýän bugdaý meýdanlary daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň özboluşly beýany bolup görünýär.

Häzirki wagtda idegi birkemsiz ýetirilýän bugdaýyň ösüşi göwnüňi göterýär. Gallaçy kärendeçilerimiz bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda iş alyp barýarlar. Bu bolsa geljek ýylyň bugdaý hasylynyň berk binýadynyň goýulandygyny alamatlandyrýar— diýip, daýhan birleşiginiň agronomy Pirnepes Jollyýew aýdýar.

Ýörite habarçymyz.