75 ýaşly kärendeçi enäniň üstünligi

9 Noýabr 2023
687

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň arasynda yglan edilen “Ýylyň ussat babadaýhanlary” atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda gallaçy kärendeçileriň arasynda baş baýraga Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Jeren Akjanowa mynasyp boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzyň “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde bolup geçdi.

Gallaçy kärendeçi Jeren Akjanowa 75 ýaşynda. Ol ömrüniň 55 ýyldan gowragyny daýhançylyga bagyşlady. Ýaşy birçene barandygyna garamazdan, onuň ýadamasy-ýaltanmasy ýok. Hemişe kärende ýerinde bol hasyl ýetişdirmegiň aladasy bilen gümra. Pagtadan, bugdaýdan ýokary hasyl alyp gelýär. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda hem göwün göteriji hasyly ýetişdirip, Watan harmanyna goşdy.

Şirin BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.