Daýhana deňleşip bolaýsa

9 Noýabr 2023
625

ХIХ asyryň belli magaryfçylarynyň biri  öz medresesinde dini we dünýewi bilimleriň utgaşykly öwrenilmegini ýola goýan ulama Töremyrat Rahmanguly ogly (il arasynda Molla Töre ahun ady bilen tanalan), aýdyşlaryna görä, daýhançylyk kesbine aýratyn uly hormat goýupdyr. 

«Gögeldaş» medresesiniň ulamasy Ikram hojanyň ak pata beren şägirdi, öz medresesinden ençeme ahunlary uçurym eden Molla Töre ahun her sapar aýat-töwiriniň ahyrynda Biribardan daýhanyňky ýaly iman bermegini dilär eken. Ussatlarynyň bihal adam däldigini, her sözüniň aňyrsynda uly manynyň bardygyny bilýän şägirtleri ondan daýhanyň imanynyň näme aýratynlygynyň bardygyny soranlarynda, ahun şeýleräk jogap beripdir: «Her pygamber bir kesp açdy» diýýändir Magtymguly Pyragy. Daýhançylyk kesbi hem Adam aleýhyssalamdan gaýdýar. Ilkinji daýhan Adam atamyz, ilkinji ekinem bugdaý bolmaly. Ele alyp başaran adam üçin daýhançylyk hakyky halal ata kesbidir. Ynsan balasy haýsy kesp-käri saýlap, tutuş ömrüne hemra edinse-de, ol daýhançylykdan daşlaşyp bilmez.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW,
žurnalist.