Daýhan zähmetiniň sarpasy

9 Noýabr 2023
595

Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy janypkeş babadaýhanlaryň çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza siňdirýän yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup durýar. Şol zähmetiň şirin miweleri rysgal-bereket bolup, saçaklarymyzy bezeýär.

Welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary üstümizdäki ýylda hem Hasyl toýuny zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Olaryň ýetişdiren bol hasylyny öz wagtynda, isripsiz ýygnamakda ussat mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem tagallalary uludyr. Häzirki dowam edýän pagta hasylyny ýygnap almak möwsüminde olar alada bilen gurşalýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň wekilleri hem «ak altyn» ussatlarynyň arasynda bolup, sowgatlar bilen höweslendirip, armasyny ýetirip durýarlar.

Gulatar Gazakow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.