"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Daşky gurşawa bagyşlanan bäsleşik

Ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TMÝG-nyň welaýat Geňeşi, Türkmen oba hojalyk institutynyň «Daşky gurşawy goramak-durnukly ösüşiň möhüm Konsepsiýasy» atly ÝUNESKO kluby, welaýat Baş bilim müdirligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi hem-de Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilelikde welaýatymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Daşky gurşawy goramak» atly surat çekmek hem-de sergi bäsleşigini geçirdiler. Olarda gözel tebigatymyzy, baglarymyzy, daşky gurşawymyzy, haýwanat dünýäsini beýan edýän eserler görkezildi. Eminler topary sergä hödürlenen ähli işleri gözden geçirdiler. Gelnen netijelere görä, döredijilik bäsleşiginde orta mekdepleriň arasynda Daşoguz şäherindäki 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Dastanbek Alymow, Şabat etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Şyhnazar Täjimuradow, Görogly etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň okuwçysy Selbi Nurýagdyýewa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Jeýhun Gurdow, talyp ýaşlaryň arasynda Türkmen oba hojalyk inst

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Ýolöten şäher medeniýet öýünde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanylyp wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Ahlak terbiýesi ündeldi Ýakynda Garagum etrabyndaky 6, 18, 21, 23-nji orta mekdeplerde geçirilen wagyz-nesihat çäreleri gyz-gelinleriň ahlak terbiýesine bagyşlanyldy. Bu çäreleri TDP-niň welaýat komiteti, TAP-nyň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, TZB-niň welaýat we Garagum etrap bölümleri, TMÝG-niň welaýat geňeşi, welaýat saglygy goraýyş müdirligi, welaýat baş bilim müdirligi, welaýat prokuraturasy, welaýat kazyýeti hem-de welaýat polisiýa müdirligi bilelikde guradylar. Olara dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler we ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

Gadymy Änew medeniýeti

Ahal welaýat kitaphanasynda “Gadymy Änew medeniýeti” ady bilen okyjylaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Ony kitaphananyň neşirleri saklamak bölümi gurady. Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli geçirilen söhbetdeşlik ýörite guralan sergi bilen tanyşlykdan başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby serginiň esasy bezegi boldy. Sergide gadymy Änew medeniýetine degişli dürli gollanmalara we taryhy maglumatlara hem orun berildi.

Baýramçylyk duşuşygy

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Oňa mekdebiň türgenleri gatnaşdy. Duşuşykda halypa tälimçi-mugallymlaryň täsirli gürrüňlerini diňlemek diýseň ýakymly boldy. Olar 1941—1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşinde ildeşlerimiziň görkezen edermenlikleri, tylda çeken tutanýerli zähmetleri, şeýle-de ýurdumyzyň bu günki ýeten beýik derejesi, asuda, parahat durmuşymyz hakda söhbet etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň düzgünnamasy

I. Umumy düzgünler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edilýär.

Gyz edebi — il edebi

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramagynda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen  3-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň, mekdebiň halypa mugallymlarynyň, ýokary synp okuwçy gyzlaryň, ak saçly eneleriň  gatnaşmaklarynda «Gyz edebi — il edebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler edepliligiň terbiýeden başlanýandygyny nygtap, bilim ulgamynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize bilim we terbiýe berlişiniň derejesini ýokarlandyrmak bilen, olaryň ata Watanymyzyň mynasyp perzentleri bolup ýetişmekleri üçin köptaraply işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Ýurdumyzda aýal-gyzlara, mähriban enelerimize goýulýan sarpanyň uludygy nygtalyp, gyzlarymyzyň edep-ekramy, edim-gylymy baradaky gürrüňlere uly orun berildi we ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen bir hatarda zenanlar barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  welaýat birleşmesi tarapyndan  «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi. Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap, şäher birleşmeleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary, pudaklaýyn geňeşleri welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerini ýetirilişine baha berdiler. Hususan-da, ähli iş orunlarynyň howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri boýunça berk guralyşyna, zähmetiň ýokary öndürijiligine, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini üpjün edýän nusgalyk tertip-düzgüniň we arassaçylygyň berjaý edilişine, iş orunlarynyň we kärhananyň çäginiň  nusgalyk tertipde saklanylyşyna, zähmeti goramak boýunça görkezme-wagyz etme işiniň hiliniň gowulandyrylyşyna üns berildi. Netijede, «Balkansuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Bereketsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygy ýeňiji zähmet köpçüligi, «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Kadyrberdi Dilegow ýeňiji tehniki-inžener hünärmen, Etrek etrap jemagat hojalygy müdirliginiň meýdan süpürijisi Täçbibi Sopyýewa önümçilikde has ýokary üstünlik gazanyp, zähmeti howpsuz alyp baran işçi diýlip yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşu

Lýuksemburg dünýäniň iň baý ýurdy

Halkara pul gaznasy (HPG) tarapyndan dünýäniň iň baý ýurtlarynyň sanawy yglan edildi. Oňa laýyklykda, dünýäniň iň baý ýurdy hökmünde Lýuksemburg ykrar edildi. Sanawda bellenilişine görä, Lýuksemburgda jemi içerki önümiň ilatyň jan başyna düşýän mukdary 143,7 müň amerikan dollaryna deňdir. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginden degişli yzygiderlilikde, Makao (134 müň amerikan dollary), Irlandiýa (133,9 müň amerikan dollary), Singapur (133,7 müň amerikan dollary) we Katar (112,3 müň amerikan dollary) orun aldy.

Dubaýda dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýy we iň uly howa menzili gurlar

Şu wagta çenli dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Halifa söwda we işewürlik merkezi bilen tanalýan Dubaý şäherinde ýene iki sany uly taslama amala aşyrylar. Has anyk aýtsak, Dubaýda dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýy we iň uly howa menzili gurlar. Dubaýda guruljak dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýynyň taslamasy «Six Senses Residences Dubai Marina» diýlip atlandyrylyp, ol şäheriň merkezinden o diýen uzak bolmadyk Marina etrabynda ýerleşer. Ýaşaýyş jaýynyň uzynlygy 517 metre deň bolup, ol 251 sany öýi öz içine alar.

Many ummanyndan damjalar

Eden ýagşylygyň ýarysy gaýdyp gelse hem, baryndan köpdür. ***

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň düzgünnamasy

I. Umumy düzgünler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edilýär.

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Deýl KARNEGI

Elektroenergetika pudagy: döwrüň talaplary bilen täze sepgitleri nazarlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary, täze elektrik geçirijiler gurulýar, öndüriji kuwwatlyklar ep-esli artdyrylyp, olaryň durky täzelenilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri kanunçylyk taýdan berkitmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýakynda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi-de munuň nobatdaky güwäsidir. Elektroenergetika pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçiligi artdyrmak we sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen birlikde, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna, şunda işleriň ekologik taýdan howpsuz bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işler ýurdumyzyň kanunçylygynda öz beýanyny tapmak bilen, olaryň ygtybarly we netijeli durmuşa geçirilmegi gazanylýar. “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bolsa energiýanyň tygşytlanmagyn

Gadymy Änew — galkynyşlaryň mekany

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykanda, «Höwri köp bolsun!» diýip alnymyza sylypdyk. Bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bitirilen işleriň jemlenmesi hökmünde ýüreklerde ýer aldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda neşir edilen täze kitap bolsa okyjylar köpçüligi üçin Diýarymyzyň şöhratyny artdyryp, halkymyzyň şanyna şan goşup gelýän Änew medeniýeti bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, täze taryhy döwürde türkmen halkynyň asyrlarboýy sünnäläp döreden maddy we ruhy gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Olaryň birnäçesi bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu wakalar gadymdan gelýän milli mirasymyzyň dünýä derejesinde yzygiderli tanyşdyrylmagy, wagyz edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ylmy, ylmy-jemgyýetçilik, ensiklopedik, çeper eserleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly a

Oňyn netijeler bilen aýdyň geljege

Geçen hepdäniň şenbe güni milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Olarda hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň bolup, bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy. Diýarymyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, toplumlarda geçirilen maslahatlarda gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň anyk ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hil — esasy görkeziji

Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasynyň işçi-hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dört aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemlediler. Kärhanada ýanwar — aprel aýlarynda 18 million 564 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 129,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanada ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýalaryna, döwrebap enjamlara ussatlyk bilen erk edýän işçi-hünärmenler ýylyň başyndan bäri ýörite buýurmalar esasynda müňlerçe jübüt aýakgaby öndürmegiň hötdesinden geldiler. Önümçilik işinde ulanylýan çig malyň ekologik taýdan arassa bolmagy önümiň hil görkezijilerine oňyn täsirini ýetirip, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. Kärhanada şu günler degişli ministrlikleriň buýurmalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, iş depgini barha ýokarlanýar.

Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri

Golaýda paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, talyp ýigitler birinji şertde özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-saz, şowhunly tanslar, çeper okaýyşlar bilen tarypladylar. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenip, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp hem-de bildirilýän belent ynama jogap edip, zehinli ýaşlarymyz bilimlere teşnelik bilen çemeleşýärler we saýlap alan hünärlerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny yhlasly öwrenýärler. Olar jemgyýetçilik çärelerine-de işjeň gatnaşýarlar. Bagtyýar talyp ýigitleriň çykyşlarynda bu ähli aýdyňlygy bilen şöhlelendi. Ýaşlar öz hünärlerine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideorolik arkaly hem wasp etdiler.