Gadymy Änew medeniýeti

6 Maý 2024
347

Ahal welaýat kitaphanasynda “Gadymy Änew medeniýeti” ady bilen okyjylaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Ony kitaphananyň neşirleri saklamak bölümi gurady.

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli geçirilen söhbetdeşlik ýörite guralan sergi bilen tanyşlykdan başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby serginiň esasy bezegi boldy. Sergide gadymy Änew medeniýetine degişli dürli gollanmalara we taryhy maglumatlara hem orun berildi.

Täzegül MYRADALYÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar