Bagtyň binýady, rowaçlygyň çyragy
Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli özgertmelerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesi älem içre barha belende galýar, parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgeleri giňden dabaralanýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hut üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň asylly başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ikisi bilen resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, ata Watanymyz parahatçylyk, howpsuzlyk, özygtyýarlylyk ýörelgelerine eýerip, halkara syýasatda wajyp orny eýeleýär. Güneşli ýurdumyzyň daşary syýasaty sebit we halkara derejesinde durnuklylygyň, ösüşiň bähbitlerine dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ös