Arkadag — ýaşlaryň şäheri

16 sagat öň
10

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Gojaman Köpetdagyň eteginde, ýeriň ýüzüniň gaýmagy ýaly, zemini ýagtyldýan Güneşiň nury mysaly nuranalykdan görk alan, çuňňur zehinden kemal tapan Arkadag şäheriniň adyndan beýikligi görmek bolýar. Şäheriň gögi direýän binalary, synlanyňda gözýetimiň ýetmeýän şaýollary soňlanmajak ösüşleriň şaýady bolup dur. Bu ösüşlerde pederlerimiziň egsilmez yhlasynyň, dürdäne sözleriniň mazmunyny görmek bolýar. Elbetde, gurýan döwlet — gurply döwlet. Şu sözlerden ugur alan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli tutumlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň goşa ganatyny döretdi. Ganatyň biri paýtagtymyz Aşgabat bolsa, beýleki ganat Arkadag şäheridir.

Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar