Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri

6 Maý 2024
492

Golaýda paýtagtymyzdaky Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, talyp ýigitler birinji şertde özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-saz, şowhunly tanslar, çeper okaýyşlar bilen tarypladylar. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenip, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp hem-de bildirilýän belent ynama jogap edip, zehinli ýaşlarymyz bilimlere teşnelik bilen çemeleşýärler we saýlap alan hünärlerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny yhlasly öwrenýärler. Olar jemgyýetçilik çärelerine-de işjeň gatnaşýarlar. Bagtyýar talyp ýigitleriň çykyşlarynda bu ähli aýdyňlygy bilen şöhlelendi. Ýaşlar öz hünärlerine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideorolik arkaly hem wasp etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar