Dubaýda dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýy we iň uly howa menzili gurlar

6 Maý 2024
249

Şu wagta çenli dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Halifa söwda we işewürlik merkezi bilen tanalýan Dubaý şäherinde ýene iki sany uly taslama amala aşyrylar. Has anyk aýtsak, Dubaýda dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýy we iň uly howa menzili gurlar.

Dubaýda guruljak dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýynyň taslamasy «Six Senses Residences Dubai Marina» diýlip atlandyrylyp, ol şäheriň merkezinden o diýen uzak bolmadyk Marina etrabynda ýerleşer. Ýaşaýyş jaýynyň uzynlygy 517 metre deň bolup, ol 251 sany öýi öz içine alar.

Gyzylgül GILLIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar