Gyz edebi — il edebi

6 Maý 2024
409

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramagynda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen  3-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň, mekdebiň halypa mugallymlarynyň, ýokary synp okuwçy gyzlaryň, ak saçly eneleriň  gatnaşmaklarynda «Gyz edebi — il edebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler edepliligiň terbiýeden başlanýandygyny nygtap, bilim ulgamynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize bilim we terbiýe berlişiniň derejesini ýokarlandyrmak bilen, olaryň ata Watanymyzyň mynasyp perzentleri bolup ýetişmekleri üçin köptaraply işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Ýurdumyzda aýal-gyzlara, mähriban enelerimize goýulýan sarpanyň uludygy nygtalyp, gyzlarymyzyň edep-ekramy, edim-gylymy baradaky gürrüňlere uly orun berildi we ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen bir hatarda zenanlar barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Täzegül NADYROWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar